Arhiw

«Turkmenportal» 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysyny yglan etmek boýunça ses berlişik geçirýär

04:2523.01.2016
0
20409

Hormatly okyjylar, futbol söýüjileri!

«Turkmenportal» saýtynyň redaksiýasy 2015-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň iň gowy futbolçysyny yglan etmek maksady bilen, okyjylarymyzyň arasynda ses berlişik geçirýär. Munuň üçin islendik okyjymyz sanawda atlary görkezilen 30 futbolçynyň içinden birine «Line», «Vkontakte» we «Odnoklassniki» aragatnaşyk ulgamlaryndaky sahypalarymyz arkaly ses berip biler.

Sanawa goşulan futbolçylar hakynda kelam agyz. Olaryň ählisi hem yzda galan çempionatda ýa-da geçen ýyl milli ýygyndymyz bilen 2018-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň we 2019-njy ýyldaky Aziýa çempionatynyň saýlama duşuşyklarynda başarjaňlyk bilen çykyş eden futbolçylardyr.  

Anyk delillere geçmeli bolsa, tejribeli ýarym goragçy Guwanç Abylowyň geçen möwsümde geçiren ajaýyp duşuşyklaryna hemmäňiz hem şaýat bolan bolsaňyz gerek. Ol, esasan hem, milli ýygyndymyzyň hatarynda Guamyň we Hindistanyň ýygyndy toparlarynyň derwezelerinden 2 pökgi geçirip, ildeşlerimiziň iki duşuşykdan 6 utuk toplamagyna uly goşant goşdy. Edil şonuň ýaly hem, Özbegistanyň «Almalyk» toparynyň düzüminde çykyş edýän ildeşimiz Arslanmyrat Amanowyň milli ýygyndymyz bilen Omanyň we Hindistanyň ýygyndylarynyň derwezesine geçiren pökgülerini janköýerler entek ýadyndan çykaran däl bolsalar gerek.

Biziň beýleki legionerlerimiz Ruslan Mingazow bilen Artur Geworkýanyň ajaýyp pökgüleri hem ýadyňyzdadyr. Ruslan Mingazow saýlama tapgyrda öz ýurdumyzda geçiren ilkinji duşuşygymyzda geçiren ajaýyp pökgüsi bilen Aziýanyň reýtinginde birinji orunda barýan ýygyndy — Eýranyň ýygyndysy bilen hasaby deňlemegimize goşant goşan bolsa, Artur Geworkýanyň 2015-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy Lionel Messiniň urgusyna kybapdaş, gorag diwaryndan üstaşyr geçirip, belli tälimçi Pol Le Gueniň ýolbaşçylygyndaky Omanyň ýygyndysynyň derwezesine geçiren pökgüsi saýlama tapgyryň iň owadan gollarynyň biri bolmaga mynasyp. Ýeri gelende aýtsak, bu futbolçylar geçen ýyl çykyş edýän toparlary bilen üstünlik gazandylar. Ruslan Mingazow «Ýablones» bilen Çehiýanyň Kubogynyň kümüş medalyna mynasyp boldy, Artur Geworkýan bolsa, Özbegistanyň «Nasaf» topary bilen ýurduň Kubogyny gazandy.

Geçen ýyl milli ýygyndymyzyň geçiren duşuşyklarynda ildeşlerimiziň garydaş derwezelere geçiren owadan pökgüleriniň biri hem Süleýman Muhadowa degişlidir. Bu gol türkmen futbolçylarynyň Omanyň güýçli ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykmagyny üpjün edipdi. Ýeri gelende aýtsak, Süleýman Muhadowa geçen ýylky möwsümde çempionatda hem 29 pökgi geçirip, iň netijeli hüjümçileriň sanawynda ikinji orny eýeledi. Möwsümiň iň kän pökgi geçiren futbolçysy Myrat Ýagşyýew hem siziň ses bermeli futbolçylaryňyzyň sanawyna goşuldy.

Milli ýygyndymyzyň geçen ýylky şowly çykyşlaryna ýaşyl meýdanda tejribeli kapitan Ahmet Ataýew ýolbaşçylyk etdi. Onuň «Altyn asyr» bilen 2015-nji ýylda üç Kuboga mynasyp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Tejribeli ýarym goragçy geçen ýyl milli ýygyndymyzyň geçiren 7 duşuşygynyň ählisinde-de kapitanlyk daňysyny daňdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen ses berlişikde Ahmet Ataýew ýylyň futbolçysy diýlip yglan edilipdi. Eýsem, ol «Turkmenportalyň» okyjylarynyň gatnaşmagyndaky ses berlişikde hem bu üstünligini gaýtalap bilermikä?

Biz bu sanawy düzenimizde milli ýygyndymyzyň futbolçylary, futbol hünärmenleri, toparlaryň baş tälimçileri bilen maslahatlaşdyk we sanawa geçen möwsümde Ýokary ligada çykyş eden ähli toparlardan dalaşgärleri goşmagy makul bildik. Şeýlelikde, biziň 30 futbolçydan ybarat sanawymyz emele geldi:

  • Ahmet Ataýew («Altyn asyr»)
  • Süleýman Muhadow («Altyn asyr»)
  • Mämmet Orazmuhamedow («Altyn asyr»)
  • Şöhrat Söýünow («Altyn asyr»)
  • Bahtiýar Hojaahmedow («Altyn asyr»)
  • Umidjan Astanow («Altyn asyr»)
  • Mekan Saparow («Balkan»)
  • Myrat Ýagşyýew («Balkan»)
  • Serdaraly Ataýew («Balkan»)
  • Aşirgeldi Ylýasow («Balkan»)
  • Berdi Şamyradow («Aşgaba»)
  • Ruslan Kurbanow («Aşgabat»)
  • Hemra Amanmämmedow («Şagadam»)
  • Ýewgeniý Tkaçenko («Şagadam»)
  • Nikita Gorbunow («Ahal»)
  • Altymyrat Annadurdyýew («Ahal»)
  • Süleýman Orazow («Ahal»)
  • Nurýagdy Muhammedow (HTTU)
  • Wezirgeldi Ylýasow (HTTU)
  • Guwanç Abylow («Hazyna»)
  • Didar Durdyýew («Hazyna»)
  • Ilýa Tamurkin («Merw»)
  • Sohbet Allanurow («Merw»)
  • Kerim Hojaberdiýew («Energetik»)
  • Mekan Nasyrow («Energetik»)
  • Hamza Allamow («Daşoguz»)
  • Merdan Galpakow («Daşoguz»)
  • Ruslan Mingazow («Ýablones», Çehiýa)
  • Artur Geworkýan («Nasaf», Özbegistan)
  • Arslanmyrat Amanow («Almalyk», Özbegistan)

Hormatly okyjylar! Siz şu futbolçylaryň içinden iň gowusyny saýlap-seçmek üçin biziň «Line», «Wkontakt» we «Odnoklassnik» aragatnaşyk ulgamlaryndaky sahypalarymyz arkaly ses berip bilersiňiz.

Ses berlişik 2016-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda başlar we ol 30-njy ýanwara çenli dowam eder. Siziň beren sesleriňiz esasynda ÝYLYŇ FUTBOLÇYSY saýlanan futbolçymyz «Turkmenportalyň» ýörite baýraklaryna mynasyp bolar.

 

Ses berlişik barada goşmaça habarlary hem biz size ýetirip durarys. Eger-de sizde we siziň dostlaryňyzda biziň resmi sahypalarymyz ýok bolsa, onda derhal birigiň.

Biziň sahypalarymyz:

LINE ID: @tpsport

https://ok.ru/tpsport

https://vk.com/sporttp

Ses bermek mümkinçiligiňizi deňiňizden geçirmäň, hormatly futbolsöýüjiler!

 

Hormatlamak bilen,

TURKMENPORTAL saýtynyň redaksiýasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň