Soňky habarlar

Arhiw

Ylymlar akademiýasynda türkmen diliniň düşündirişli we orfografik sözlükleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy

23:3830.01.2016
0
9464

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň”  we “Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň”  tanyşdyryş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda neşir edilen bu kitaplar çapa taýýarlananda leksikografiýa neşirlerini çap etmegiň milli hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, taryhy we ylmy esaslara daýanmak arkaly edebi gollanmalary taýýarlamak işine döwrebap çemeleşmeler ulanyldy.

Dilçi alymlardan ybarat döredilen iş topary tarapyndan taýýarlanan we 50 müň töweregi sözi, adalgalary hem-de adalga söz düzümlerini öz içine alýan “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň”  diňe bir bu ugur boýunça iş alyp barýanlar üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem örän ähmiýetli gollanma boljakdygy ikuçsuzdyr.

“Türkmen diliniň orfografik sözlügi”  özünde 110 müň töweregi dürli sözleri jemläp, gepleşikde grammatiki söz görnüşleriniň, orfografiýa kadalarynyň we beýlekileriň ulanylyşy baradaky maglumatlardan ybaratdyr.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň