Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

23:3530.01.2016
0
65402

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Paýhas çeşmesi”  atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu çäre bilen ugurdaşlykda köşgüň eýwanynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gymmatlyklarynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň, çeperçilik mekdebiniň we B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň haly, zergärçilik we küýze önümleri görkezildi.

Kitap tekjelerinde türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň we häzirki döwrüň eserleri, Türkmenistanyň ses ýazgylarynyň “altyn gaznasynda”  saklanýan bagşylaryň çykyşlarynyň, halk saz döredijiliginiň, türkmen teatrlarynyň saýlama eserleriniň, artistleriň hem-de awtorlaryň okamagynda edebi eserleriň, şeýle hem häzirki zaman estrada aýdymlarynyň ses ýazgyly enjamlaryň toplumy görkezildi.

Dabara gatnaşyjylar   türkmen nakyllaryndan ybarat bolan “Paýhas çeşmesi”  kitabynyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny bellediler. Birnäçe bölümden ybarat bolan täze neşirde  nakyllar toparlara bölünip ýerleşdirilipdir. Kitapda halkymyzyň ruhy dünýäsi,  ahlak gymmatlyklary, dünýägaraýşy we pelsepesi duýulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň   “Paýhas çeşmesi”  atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy mynasybetli ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň