Soňky habarlar

Arhiw

Köýtendag etrabynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýeti dörediler

02:3224.03.2024
0
25830

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen, ýurduň senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilmegine görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň ýurduň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň