Döwlet standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamlary kämilleşdirilýär

0
220
0
0

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamlaryny, şeýle hem milli laýyklyk nyşany üçin döwlet standartlaryny  kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Önümleriň hilini dolandyrmagyň guramaçylyk –ykdysady usulyny, onuň kadalaşdyryş üpjünçiligini berkitmek, kesgitlenen tehniki reglamente baha bermek we tassyklamak işlerini tertipleşdirmek boýunça çäreleriň kabul edilmegi sarp edijileriň hukuklaryny goramaga, marketing gurallaryny we halkara haryt dolanyşygyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutany standartlaşdyrmagyň we güwälendirmegiň milli  ulgamyny ösdürmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durandygyny nygtap, bu ugurdaky işleriň öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak,    içerki bazary pes hilli harytlardan we hyzmatlardan  goramak, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýlekiler bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleri çözmäge ýardam etjekdigini aýtdy.

Şu meselelerde alymlaryň, inženerleriň, önümçilikleriň hünärmenleriniň, telekeçileriň tagallalaryny birleşdirmegi zerurdyr. Bu ulgamda ýöriteleşen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de “Türkmenstandartlary” üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek gerek diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru