Aşgabatda rus sirki çykyş edýär

0
656
0
0

28-nji dekabrda Aşgabatda Russiýa Federasiýasyndan bolan sirk sungatynyň wekilleriniň çykyşlary badalga aldy. Dostlukly ýurtdan gelen tanymal artistler tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlary Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçiriler.

Russiýanyň “Rosgossirk” döwlet sirk şereketiniň bu saparynyň uly hem-de köp dürli çykyşlary sungatyň täsinliklerden doly bu jadyly görnüşiniň muşdaklaryna ajaýyp Täze ýyl sowgady bolar. Russiýaly artistleriň sirk çykyşlary “Haýwanlaryň we dostlaryň duşuşyklary” diýlip atlandyrylýar. Olar haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň gatnaşmagynda gyzykly tomaşalaryndan ybaratdyr. Tüýlüje, mymyjak hem-de ganatly artistler- düýeguşlar, totyguşlar, kengurular, maýmynlar, tilkiler, gunduzlar, itler, pişikler, torsuklar täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary haýran galdyrar.   

Haýwanlary eldekileşdirmek ugry boýunça dürli guşlaryň we haýwanlaryň 10-dan gowrak görnüşiniň gatnaşmagynda dürli çykyşlar, şol sanda Russiýanyň at gazanan artistleri R.Rasulowyň, R.Duhnowskiniň   ýolbaşçylygyndaky şowhunly çykyşlar sirke gelenleri haýran galdyrar hem-de göwnüni göterer. Olaryň arasynda “Kengury bilen boks”, “13 pişik” meýhanajygy” we beýleki çykyşlar bar.

Sirk çykyşlary akrobatika, ekwilibristika, žonglýor görnüşleri boýunça gyzykly we haýran galdyryjy tomaşalary öz içine alýar. Olaryň arasynda “Legos attraksion”, “Howa gimnastikasy” we beýlekiler bar.

Meşhur russiýaly artistleriň ajaýyp sirk sungaty baýramçylygy ýurdumyzyň paýtagtynda ýetip gelýän 2016-njy ýylyň 17-nji  ýanwaryna çenli dowam eder.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru