Türkmenistanyň Prezidenti täze çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

0
799
0
0

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany  çagalar sagaldyş merkezi bilen, bu ýerde çagalaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Ýaş türkmenistanlylar üçin döwrebap toplum Türkmeistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda türkmen telekeçileriniň güýji bilen bina edildi. Ony gurluşyk pudagynda ýöriteleşen “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti gurdy. Ulanmaga tabşyrylýan täze desga welaýatda ozal bar bolan şunuň ýaly çagalar şypahanalar toplumynyň üstüni ýetirer. Şolarda müňlerçe mekdep okuwçylary dynç alyş döwründe saglygyny berkidýärler.   

Durmuş üpjünçilik desgalaryny goşmak bilen, sagaldyş merkeziniň tutuş toplumy bäş gektara golaý meýdany tutýar. Şunda bagy-bossanlyklar çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň meýdançasynyň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Telärler, oýun meýdançalary, haýwanjyklaryň şekilleri bilen bezelen ýodajyklar we köprüjikler toplumyň çäklerinde aýratyn öwüşgin berýär. Sagaldyş merkeziniň üç gatly binasynyň ajaýyp keşbi ganatlaryny giňden geren äpet guşy ýatladýar. Merkeziň her bir gatynyň peýdaly meýdançasy üç müň inedördül metre golaýdyr.

Çagalar merkezinde ýatylýan giň we rahat otaglardan başga-da, maslahatlar zaly bolan medeniýet merkezi, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr bar. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin amfiteatr göz öňünde tutulypdyr. Saglyk merkeziniň çäklerinde oýun, sport meýdançalary, ýüzülýän howuz, lukmançylyk merkezi ýerleşdirilipdir.   

Desga gurlanda, häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynda milli binagärligiň gadymy däpleri bilen sazlaşykly utgaşyklykda öňdebaryjy gazanylanlar peýdalanyldy. Binalaryň ählisi amatly ulag geçelgeleri we pyýada ýodajyklary bilen birleşdirildi.  

Çagalar bilen gurnak işleri üçin olaryň gyzyklanmalaryna görä, gurnagyň işiniň ugruna laýyklykda enjamlaşdyrylan aýry otaglaryň birnäçesi göz öňünde tutulypdyr. Terbiýeçiler, mugallymlar çagalara öz zehinlerini, sazçylyk studiýasynda, şeýle hem çeper halk senetçiligi bilen meşgullanmakda zehinlerini açmaga kömek ederler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru