Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärlerine Gutlag iberdi

11:3614.12.2015
0
2227

Gadyrly nebitçiler, gazçylar we geologlar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylynda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Siziň ýadawsyz hem-de tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz pudagy soňky döwürde uly ösüşlere eýe boldy.

Geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan halkara derejesindäki ençeme taslamalary öňe sürýär. Uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Bu işler biziň ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga uly sarpa goýýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny hem-de gaz geçirijiler ulgamlaryny döretmek barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Şu ýyl Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleri ýene-de bir uly üstünlige eýe boldular. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijesinde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna degişli deslapky işler tamamlanyp, onuň gurluşygyna badalga berildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň baştutanlygyna biragyzdan saýlanmagy bolsa bizi has-da guwandyrýar.

Hormatly nebitgaz, geologiýa pudaklarynyň zähmetsöýer işgärleri!

Siziň tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ýakyn wagtda «Gündogar—Günbatar» gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga berler. Bu gaz geçirijisiniň işe başlamagy bilen, dünýäniň ählumumy energetiki howpsuzlygyna goşant goşýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň syýasy hem-de ykdysady abraýy has-da artar.

Ýurdumyzda geçen ýyllarda düýbi tutulan gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Tebigy gazdan alynjak iň zerur önümleri öndürýän toplumlaryň düýbüniň tutulmagy ykdysadyýeti has-da ösdürmäge hem-de ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge ýardam eder.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin nebit hem-de gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar boýunça iş alyp barmak zerurdyr. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işlere şaýatlyk edýär. Bu gaz känini özleşdirmegiň 3-nji tapgyryna badalga berilmegi bolsa, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň edermen nebitçileri, gazçylary we geologlary!

Sizi nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly  Berdimuhamedow. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň