Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahatynda eden çykyşy

0
267
0
0

Eziz watandaşlar!

Hormatly ýaşulular!

Hanymlar we jenaplar!

Şu gün biz Ýaşulularyň dabaraly maslahatyny geçirýäris. Bu maslahat     Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda uly we möhüm waka — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilýär.

Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem     bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr. Birleşen Milletler Guramasy taryhda ilkinji gezek şol döwürde düzümine girýän 185 döwletiň ses bermegi bilen, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky       Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi.

Şu ýyl — ýubileý ýylynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Rezolýusiýada Birleşen Milletler Guramasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy         pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirýändigi, Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýändigi we goldaýandygy»      bellenýär.

Bu özboluşly resminamadyr. Kabul edilen Rezolýusiýa Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda bu ugurda häzire çenli ýeke-täk resminamadyr.

Eger ozal haýsy-da bolsa bir döwlet şeýle hukuk ýagdaýyna birnäçe döwletiň ylalaşmagy esasynda eýe bolan bolsa, onda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara bileleşiginiň doly goldaw bermeginde döwletimiziň bu ýoly özbaşdak saýlap almagynyň we meýletin erk-isleginiň netijesi boldy. Şeýlelikde, biziň döwletimiz halkara derejesinde ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur.

«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» Konstitusion Kanunda we 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda kabul edilen, Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde daşary syýasatynyň Maksatnamasynda biz Bitaraplyk      
hukuk ýagdaýyny berjaý etmek üçin ýurdumyzyň öz üstüne meýletin alan    borçnamalaryny beýan etdik. Şol sanda şu borçnamalary yglan etdik:

— harby birleşiklere we bileleşiklere gatnaşmazlyk, şol sanda gatnaşýan      ýurtlaryň köpçülikleýin jogapkärçiligini göz öňünde tutýan döwletara bileleşiklerine gatnaşmazlyk;

— urşa başlamazlyk we harby çaknyşyklary döretmezlik, şeýle ýagdaýlara getirip biljek hereketleri etmezlik;

— köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny öndürmezlik we ýaýratmazlyk;

— öz çäklerinde beýleki döwletleriň harby bazalaryny ýerleşdirmezlik;

— beýleki döwletler bilen deňhukukly, özara peýdaly we hyzmatdaşyň bähbitlerini nazara almak esasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyk bolmagyny üpjün etmek;

— ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermek;

— beýleki ýurtlara ykdysady basyş görkezmezlik we beýleki döwletleriň     garşysyna gönükdirilen ykdysady birleşiklere gatnaşmazlyk;

— adamyň we raýatyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen esasy demokratik hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmek we olara hormat goýmak.

 

Biz bu borçlary öz üstümize meýletin we özygtyýarly almak bilen,      
şol borçnamalaryň hemişelik häsiýete eýedigini beýan etdik. Netijede,         ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň anyk we üýtgewsiz ugurlaryny özümiz üçin hemişelik kesgitledik.

Hormatly Ýaşulularyň dabaraly maslahatyna gatnaşyjylar!

Geçen 20 ýyl biziň saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny görkezdi.

Bu ýoluň Türkmenistanyň halkynyň hakyky bähbitlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletli wezipelere we         maksatnamalara, deňhukukly hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini subut etdi.

Ýurdumyz geçen 20 ýylyň dowamynda dünýä bileleşiginiň hormat-sarpasyny  gazandy. Garaşsyz Watanymyz öz borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ygtybarly, jogapkär hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe boldy.

Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan anyk kadalara we öz maksatlaryna    aýdyň düşünmäge esaslanan, köpugurly, toplumlaýyn daşary syýasaty alyp barýar.

Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň gerimi has giňeldi. Bu gatnaşyklara täze ýurtlar we sebitler barha köp goşulýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan 138 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy we saklaýar. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary ýurtlarda 37 sany diplomatik we konsullyk wekilhanalary işleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň öz hemişelik wekilhanalary bar.

Biziň ýurdumyz halkara guramalarynyň 44-siniň agzasy bolup durýar. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulmazlyk Hereketi we beýleki guramalar bar. Türkmenistan dürli  ugurlarda 131 sany halkara konwensiýasyna gatnaşýar.

Türkmenistanda 30 sany daşary ýurduň Ilçihanasy we konsullygy, 13 sany halkara guramasynyň wekilhanasy hemişelik esasda işleýär.

Ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde täsirli çäreleri ulanýan    döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasaty halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Bu bolsa, ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna alty gezek saýlanmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň Başlyklygyna saýlanmagy hem bellenmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldaw bermeginde 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Milletler Guramasy Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini döretmek barada çözgüt kabul etdi. Bu Sebit merkeziniň ştab-kwartirasyny ýerleşdirmek üçin Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheri saýlanyp alyndy. Bu bolsa, türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygy goldamak boýunça uly mümkinçilikleriniň bardygynyň aýdyň tassyklanmasy boldy.

Bu üstünlikleriň ählisi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Döwletimiziň döretmäge esaslanýan netijeli syýasatynyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändigini subut edýär.

Hormatly dabaraly maslahata gatnaşyjylar!

Parahatçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek       ýurdumyzyň Bitaraplygynyň özboluşly aýratynlygydyr, oňa mahsus bolan       özboluşly ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, bu düşünjeler geçen 20 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň many-mazmunyny,       görnüşini we ugurlaryny kesgitledi.

Biziň alyp barýan halkara derejesindäki işlerimiziň parahatçylyga esaslanýandygyny görkezdi. Biz dünýä bileleşigi bilen    umumyadamzat gymmatlyklaryna, häzirki zamanyň ösen medeniýetleriniň öňünde durýan wezipeleriň bitewüdigine we bölünmezdigine esaslanan gatnaşyklary alyp barýarys. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşi bolsa, Türkmenistanyň saýlap alan esasy, möhüm ähmiýetli strategik ýoludyr.

Türkmenistan Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we birek-birege hormat        goýmaga esaslanan syýasaty alyp barýar. Şonuň netijesinde, biz goňşy ýurtlar— Azerbaýjan, Owganystan, Eýran,       Gazagystan we Özbegistan bilen, şeýle hem Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri — Gyrgyzystan we Täjigistan bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek      esasynda gatnaşyklary ýola goýduk.

Türkmenistan bu döwletlere we şol ýurtlarda ýaşaýan halklara doganlyk     ýurtlar we halklar hökmünde garaýar. Goňşy ýurtlar bilen biziň ýurdumyzy çäkler, taryh, medeniýet we däp-dessurlar baglanyşdyrýar. Biz sebitde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn berkideris. Goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge yzygiderli ýardam bereris.  

Şunuň bilen baglylykda, biz Owganystana aýratyn üns berýäris. Türkmenistan  
bu ýurtdaky ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda         parahatçylykly we syýasy ýollar bilen düzgünleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge iş ýüzünde ýardam       bermekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmegi goldap çykyş edýär.

Türkmenistan Hazar deňzinde dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň sebitde durnukly ýagdaýy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bar diýip hasap edýär. Hazaryň hukuk ýagdaýyny kesgitlemek bilen    bagly ähli meseleler halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda,  

Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň hem bähbitleri nazara alnyp, hoşniýetli       goňşuçylyk we deňhukukly esasda çözülmelidir.

Türkmenistan Hazar bilen bagly meseleleriň dürli ugurlary boýunça      gepleşikleri alyp barýar. Şolaryň hatarynda syýasy-hukuk, ykdysady, energetika,     tebigaty goramak we beýleki meseleleri görkezmek bolar.

Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlarda we ulag pudagynda       hyzmatdaşlyk babatda özara arkalaşykly hereket etmek boýunça biziň ýaňy-      
ýakynda öňe süren başlangyçlarymyza kenarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan düşünmek bilen garalýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz syýasy-diplomatik tagallalaryny hemişe hereket edýän halkara usullaryny döretmäge gönükdirýär. Bu usullar Merkezi Aziýadaky we Hazar sebitindäki ýagdaýlara degişli ýüze çykýan meseleleri çalt çözmäge niýetlenendir.

Türkmenistany Türkiýe, Pakistan we Hindistan bilen hakyky dostluk gatnaşyklary, umumy gymmatlyklar baglanyşdyrýar. Bu ýurtlar bilen biziň gatnaşyklarymyz häzirki döwürde birek-birege hormat goýmagyň we      ynanyşmagyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan bu gatnaşyklara, özara düşünişmekde ýetilen sepgitlere ýokary baha berýär. Bu döwletler bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin biz ähli tagallalary etdik we häzirki döwürde hem zerur işleri durmuşa geçirýäris.

Ýurdumyzyň Bitaraplygy bize Zakawkaziýe döwletleri bilen gatnaşyklary netijeli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Däp bolan hyzmatdaşlarymyz — Ukraina, Belarus, Moldowa bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge şert döredýär.

Dünýäniň iri ýurtlary bilen köpugurly, özara bähbitli dostluk gatnaşyklaryny  ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar.

Türkmenistany Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklar we     
strategik hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Türkmenistanyň bu ýurt bilen asyrlardan gözbaş alýan taryhy we ynsanperwer gatnaşyklary bar.

Biz Russiýa Federasiýasy bilen dürli   ugurlarda özara hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribe topladyk. Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň strategik häsiýeti üýtgewsiz bolmagynda galýar. Bu döwletiň sebitleriniň birnäçesi bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.

Türkmenistan beýleki bir strategik hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklarda hem uly tejribe toplady. Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhy dostluk gatnaşyklaryna esaslanýar. Aziýada örän iri taslama bolan «Türkmenistan—Hytaý» gaz geçirijisiniň taslamasynyň bilelikde amala aşyrylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Türkmenistan bu mümkinçilikleri soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar esasynda netijeli ulanýar.

Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Birleşigine agza      döwletler bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýdy. Bu gatnaşyklar bütin sebitde we dünýäde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmek, täze wehimlere we howplara, şol sanda halkara       terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek ýaly, häzirki döwrüň möhüm meselelerine garaýyşlaryň umumydygyna esaslanýar.

Bu ýurtlar bilen söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika        pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin özara gyzyklanmalar bar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen energiýa serişdelerini Ýewropa ugry boýunça ibermek bilen bagly meseleler babatda taraplar gyzyklanma bildirip, gepleşikleri alyp barýarlar.   Türkmenistan öz alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birnäçesi boýunça Günbatar ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselesini öwrenýär. Bu ýurtlar bilen uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary ýola goýýar.

Türkmenistan öz alyp barýan daşary syýasat ugrunda arap döwletleriniň     hyzmatdaşlyk etmäge barha köp gyzyklanma bildirýändiklerini göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Aşgabatda gol çekilen, Merkezi Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakyndaky Ylalaşygyň uly ähmiýeti bardyr. Türkmenistan gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, olara anyk häsiýet bermek ugrunda netijeli işleri alyp barýar.

Häzirki döwürde bütindünýä syýasatynda, ykdysadyýetinde, maliýe      ulgamynda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň täsiri barha artýar. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa ýaly döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri aýdyň duýulýar. Şol ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki meýilnamalary düzülende    
bu mümkinçilikler doly göz öňünde tutular.

Latyn Amerikasy bilen gatnaşyklary has-da ösdürmegiň maksadalaýykdygy aýdyň duýulýar. Latyn Amerikasy häzirki döwürde Ýer ýüzüniň çalt depginler bilen ösýän sebitleriniň biridir.

Biz Afrika kontinentiniň döwletleri bilen has anyk ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligini öwrenýäris. Bu kontinentiň döwletleriniň köpüsi soňky döwürde Türkmenistan bilen syýasy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy   ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Hormatly dabaraly maslahata gatnaşyjylar!

Häzirki şertlerde islendik döwletiň üstünlikli ösmegi umumy dünýä ykdysady, söwda, maýa goýum, tehnologiýa ulgamlaryna doly goşulmazdan mümkin däldir. Bu ugurda hem Bitaraplygymyz Türkmenistanyň ählumumy ösüşe netijeli gatnaşmagy üçin ajaýyp syýasy we hukuk esasy bolup durýar. Bu bolsa,    
öz nobatynda, ýurdumyzda senagat önümçiliginiň ösmegine, durmuş        maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gönüden-göni we oňyn täsir edýär.

Häzirki döwürde onlarça ýurtlaryň örän iri kompaniýalary Türkmenistanda uzakmöhletleýin esasda iş alyp barýarlar. Olar ýangyç-energetika pudagynda, senagat, ulag, gurluşyk pudaklarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda, syýahatçylyk pudagynda we beýleki ugurlarda netijeli işleýärler. Bu ýerde gürrüň iri möçberli taslamalar barada barýar. Bu taslamalaryň durmuşa      geçirilmegi türkmen ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün eder. Ýurdumyzy senagat we tehnologiýa taýdan ösen, häzirki zaman döwletleriniň hataryna çalt çykarmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan bäsleşige ukyply ykdysadyýeti emele getirýär. Şoňa  görä-de, biziň ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli      gatnaşyklary ýola goýýar.

Garaşsyz döwletimiz daşary ýurt maýadarlaryny barha köp özüne çekýär. Türkmenistanda işewürligi alyp barmak üçin zerur bolan üpjünçilik ulgamlary döredilýär. Ýokary derejeli myhmanhanalar, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, täze awtomobil ýollary, ulag we saglygy goraýyş merkezleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň döwletimize we halkymyza nähili möhüm ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek üçin, geçen 20 ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň gerimine we möçberine nazar aýlamak ýeterlikdir.

Geçen döwürde biz 117 milliard 200 million amerikan dollary möçberde maýa goýumlaryny özleşdirdik. Şol döwürde 250 sany zawod we fabrik, 26 million inedördül metre   golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, 187 sany hassahana we bejeriş-sagaldyş merkezi, 394 sany dürli mekdep, 310 sany çagalar bagy, 94 sany medeniýet edarasy, 39 sany ýokary derejeli myhmanhana, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 70-den gowragynyň edara binasy, elektrik beketleri, demir ýollar, howa menzilleri, iri köprüler, gaz geçirijiler gurlup, ulanmaga berildi. Bu döwürde gurlup, ulanmaga berlen desgalar sanardan köpdür. Häzirki döwürde hem ýurdumyzda 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar!

Ilkinji türkmen milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy halkara innowasion hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesi boldy.

Halkara bilermenler agentlikleriniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekýän ýurtlaryň birinji onlugyna goşuldy. Halkara pul gaznasynyň çaklamalaryna görä, ýurdumyzda ýakyn ýyllarda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary bolmagynda galar. Bu bolsa, oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň alnyp barylmagy netijesinde we daşary ýurt maýa goýumlarynyň köp möçberde çekilmeginiň hasabyna üpjün edilýär.

Bu netijeleriň örän gysga döwrüň içinde gazanylandygyny bellemek isleýärin. Bu ajaýyp üstünlikler mähriban halkymyzyň tutanýerli we sazlaşykly zähmet çekmeginiň netijesinde mümkin boldy. Alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty mähriban halkymyza asuda durmuşda ýaşap, yhlasly zähmet çekmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň meselelerini üstünlikli çözmäge şert döretdi.

Biz Bitaraplykdan gelip çykýan «açyk gapylar» syýasatyny we giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam ederis.

Berkarar döwletimiz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şoňa görä-de, Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetika döwleti diýlip       atlandyrylmak hukugyna eýe boldy.

Nebitiň, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny döwrebap ýagdaýa getirmek, gaýtadan işlenmegini guramak we dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak bu ugurda döwletimiziň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarydyr. Bu wezipeleri amala  aşyrmak üçin köp möçberde serişde     gönükdiriler. Şol sanda, bu pudaga daşary ýurt maýadarlarynyň serişdeleri hem çekiler.

Durmuş ulgamyny durnukly ösdürmek mundan beýläk-de döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galar. Biziň esasy maksadymyz ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu bolsa, ykdysady abadançylygy gazanmak, netijeli bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny emele getirmek, demografik durnuklylygy üpjün etmek, medeniýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen syýasat we oňaýly daşky gurşawy döretmek esasynda amala aşyrylýar.

Ilatymyza durmuş taýdan kepillendirilen goragy üpjün etmek boýunça hem berkarar döwletimiziň yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyny bellemek isleýärin. Mysal üçin, häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatyny elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy we nahar duzy bilen üpjün etmekde berilýän ýeňillikler doly saklanýar. Jemagat hyzmatlary we jemgyýetçilik ulaglary üçin nyrhlar hem ujypsyz bolmagynda galýar. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary her ýyl ýokarlandyrylýar.

Amala aşyrylýan işleriň netijesinde, adam başyna düşýän girdeji ýylyň-ýylyna durnukly artýar. Bütindünýä bankynyň 2012-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistany ilatynyň orta derejeden ýokary girdejisi bolan ýurt hökmünde ykrar etmegi hem bu aýdylanlary tassyklaýar.

Biz häzirki döwürde bilim ulgamyny ösdürmäge örän möhüm ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda zehinli ýaşlar üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze okuw mekdepleri döredilýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde many-mazmuny we hereket edýän möhleti boýunça öňdebaryjy tejribeler ulanylyp düzülen maksatnamalar ornaşdyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde  12 ýyllyk orta bilim ulgamyna geçildi. Orta hünär bilimi hem täze derejä çykarylýar. Hünär mekdepleriniň döwrebap maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi we hünärmenleri taýýarlamagyň amatly şertleri bolan netijeli ulgamy döredilýär.

Biz halkara derejesinde talyplary alyşmaga aýratyn ähmiýet berýäris.       Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä belli bilim we ylmy-barlag       merkezleri bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmak boýunça giň gerimli hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyny goldaýarys.  

Häzirki döwürde türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi Ýewropanyň, Amerikanyň,  Aziýanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň iň gowy okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Ýurdumyzda gysga möhletli okuwlar we türgenleşik okuwlary hem yzygiderli geçirilýär. Bu okuwlara dürli ugurlar boýunça abraýly daşary ýurt hünärmenleri gatnaşýar.

Halkara maliýe-ykdysady edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk berkarar döwletmize häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmaga mümkinçilik berýär. Biz Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Aziýanyň Ösüş banky we dünýäniň beýleki iri maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Bu hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda    Guramasyna agza bolmak maksady göz öňünde tutulanda, aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi, bu Gurama halkara söwdasyny we dünýäde söwda-ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy gurama bolup durýar.

Biziň ýurdumyz abraýly halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň hem agzasydyr. Şoňa görä-de, ählumumy çökgünligiň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak, uzak möhleti göz öňünde tutup, ykdysadyýeti ösdürmegiň ugurlaryny    kesgitlemek boýunça täsirli usullary işläp düzmäge saldamly goşant goşýar.

Hormatly Ýaşulularyň dabaraly maslahatyna gatnaşyjylar!

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde syýasy ulgamy kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny tapgyrlaýyn we yzygiderli demokratiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda biziň öňümizde strategik we maksatnamalaýyn wezipeler durýar.

Öňde duran bu wezipeler uzak möhlete niýetlenendir. Bu ýerde gürrüň giň gerimli, durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan täze milli maksatnama hakynda barýar. Bu maksatnama aýdyň garaýyşlara, häzirki zaman dünýäsiniň hakyky ýagdaýlary baradaky pikirlere daýanmalydyr, häzirki zaman dünýäsiniň aýrylmaz düzüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň geljekki mümkinçiliklerine, döwletiň we  jemgyýetiň talaplaryna göz ýetirmäge esaslanmalydyr. Bu maksatnamada iň     ýokary gymmatlygyň, şol bir wagtda hem esasy hereketlendiriji güýjüň adamdygy, raýatdygy göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet bolsa, şahsyýetiň ileri tutulýandygyny, onuň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga taýýardygyny berk we ynamly yglan edýär. Adamyň öz mümkinçiliklerini açmagy we durmuşa geçirmegi üçin, hemmeler üçin we      jemgyýetiň her bir agzasy üçin deň we amatly şertleri döretmegi maksat edinýär.

Bu meselede kanunçylyk binýadyny häzirki  döwrüň  hakyky  ýagdaýlaryna, adamlaryň örän möhüm bähbitlerine laýyklykda hemmetaraplaýyn özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňky döwürde bu ugurda biz möhüm işleri alyp barýarys. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanýar. Esasy Kanunymyzyň       rejelenen görnüşinde täze taryhy şertler we geljekde öňde durýan wezipeler göz öňünde tutular. Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda demokratik        özgertmeleriň, şol sanda halk wekilçilikli edaralaryny emele getirmegiň umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerine, Milletler Bileleşigiň ýokary gymmatlyklaryna we milli däplere doly laýyklykda alnyp barylýandygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Şunuň bilen baglylykda, soňky döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler   Guramasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýandygyny görkezmek bolar.   
Biz bu Guramanyň, hususan-da, eneligi we çagalygy, şeýle hem maýyplaryň hukuklaryny goramak, neşekeşlige we ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, medeni-taryhy mirasy we daşky gurşawy gorap saklamak ýaly möhüm meseleler bilen meşgullanýan ýöriteleşdirilen edaralary bilen hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýduk.

Biziň döwletimiz üçin mähriban halkymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, maddy abadançylygyny, hemmetaraplaýyn ruhy ösüşini üpjün etmekden, beden taýdan saglygyny goramakdan möhüm we belent maksat ýokdur!

Biz Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnukly ösüşiň dabaralanmagyny goldaýarys. Bu sebit häzirki döwürde «Gündogar—Günbatar» hem-de «Günorta—Demirgazyk» ugry boýunça Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda durnukly gatnaşyklaryň örän möhüm, strategik çatrygy bolup durýar. Biziň sebitimiziň bu ugurda tutýan orny wagtyň geçmegi bilen diňe ýokarlanar diýip pikir edýärin. Bu bolsa, kontinentara ykdysady ýagdaýlar göz öňünde tutulanda, sebitde maýa goýumlaryny goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döreder.

Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin amatly halkara şertlerini döretmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz bu serişdeleriň daşarky bazarlara ygtybarly iberilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Soňky döwürde Hytaýa we Eýrana iki sany iri turba geçirijiniň taslamalary üstünlikli amala aşyryldy. Bu bolsa, energiýa serişdeleriniň ygtybarly         iberilýändigini aýdyň tassyklaýar.

Birnäçe günden ýene-de bir möhüm taslama — Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berler. Şoňa görä-de, Türkmenistan şu mesele boýunça giň gerimli halkara gepleşiklerini geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

Biziň bu başlangyjymyz dünýäde uly goldaw tapdy: 2008-nji we 2013-nji   ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna durnukly we howpsuz ibermek boýunça rezolýusiýalaryň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen taslamalaryny biragyzdan kabul etdi.

Biz örän baý tebigy serişdelerimizi, geografiýa taýdan amatly ýagdaýymyzy ýurdumyzyň içerki ösüşiniň maksatlaryna ýardam bermek üçin hem, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine peýdalanmak üçin hem taýýardygymyzy jogapkärçilik bilen yglan edýäris.

Şunuň bilen baglylykda, öz energiýa geçirijileri, hususan-da, eksporta niýetlenen turba geçirijileri gurlanda ýurdumyzyň diwersifikasiýa ýoluna eýerýändigini bellemek isleýäris.

Biz Türkmenistandan halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini ibermäge niýetlenen köp görnüşli turba geçiriji ulgamlaryň gurulmagyna sebitde we sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir edýän şertler hökmünde     
baha berýäris. Hyzmatdaşlaryň türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary       ibermegiň serişdelerine hukuklarynyň deňligini üpjün etmegiň, Ýewraziýa     energetika giňişliginde bähbitleriň deňligini saklamagyň möhüm şerti hökmünde     garaýarys.

Bu bolsa, Türkmenistanyň energetika meselesinde daşary syýasy işjeňligini artdyrýan, bu ugurda halkara derejesinde möhüm ähmiýetli teklipleri öňe sürmegini kesgitleýän düýpli garaýyşlar bolup durýar.

Halkara ulag hyzmatdaşlygyny höweslendirmek hem alyp barýan       işlerimiziň strategik taýdan ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ugurda öňe süren başlangyçlarymyza hyzmatdaşlarymyz düşünmek bilen garaýarlar we olary goldaýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-üstaşyr geçelgeleri baradaky Rezolýusiýanyň Türkmenistan tarapyndan teklip edilen taslamasynyň 2014-nji ýylda kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu mesele boýunça ýene-de bir Rezolýusiýany kabul etmäge taýýarlyk görülýär.

Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalaryna ýardam bermek         Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça  Nýu-Ýorkda geçirilen ýokary derejedäki maslahatynda biz daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe täze başlangyçlar bilen çykyş etdik.

Biz ekologiýa howpsuzlygynyň täsirli guraly hökmünde Birleşen Milletler  Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibi hem öňe sürýäris. Şeýle merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň çäklerinde ähli şertleri döretmäge taýýardygymyzy bellemek isleýärin.

Häzirki döwürde medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy parahatçylygyň, özara düşünişmegiň, adamlaryň birek-birege ýakynlaşmagynyň möhüm guraly    hasaplaýarys. Medeniýet ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek     boýunça alnyp barylýan işleriň bütin adamzat üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu hyzmatdaşlyk halkara gatnaşyklaryna ynsanperwer häsiýet berýär we goşmaça durnukly şertleri döredýär. Biziň ýurdumyz medeniýet ulgamynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek, döredijilik işgärleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin hemişe açykdyr.

Türkmenistanda dünýäniň köp ýurtlaryndan medeniýet we sungat      işgärleriniň gatnaşmagynda halkara bäsleşikleri we festiwallar her ýyl geçirilýär. Şeýle çäreler diňe bir ykrar edilen ussatlaryň derejesinde däl-de, eýsem ýaşlaryň, çagalaryň arasynda hem geçirilýär. Bu bolsa, dürli halklaryň, milli medeniýetleriň we dinleriň wekilleriniň arasynda özara hormat goýmaga we dostluga, birek-biregiň sarpasyny belent tutmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýär.

Hormatly Ýaşulularyň dabaraly maslahatyna gatnaşyjylar!

Ýene-de birnäçe günden ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny türkmen halky bilen bilelikde bellemek üçin onlarça ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, bütin dünýäden görnükli diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri Aşgabada geler. Bu beýik baýramyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine berk ynanýaryn!

Şeýle hem, bu baýram ýurdumyzyň halkara giňişliginde netijeli ornunyň ykrar edilýändiginiň, Bitaraplygymyza hormat goýulýandygynyň we goldaw berilýändiginiň subutnamasyna öwrüler.

Biz hyzmatdaşlarymyz bilen ak ýürekli we aç-açanlyga esaslanýan jogapkärli gatnaşyklary alyp barýarys. Olar bilen hyzmatdaşlyk etmekde birek-birege       hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýarys. Häzirki döwrüň uly we çylşyrymly meselelerini diňe bilelikde çözüp boljakdygyna düşünmekden ugur alýarys. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde şeýle ynsanperwer      syýasata eýerýär, geljekde hem şol syýasata hemişe ygrarly bolar!

Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk we egsilmez bagt arzuw edýärin!

Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan!

Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!

Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru