Türkmenistanda baýramçylyk söwdalary guralar

0
152
5
50

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyna we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer öňümizdäki çäreler mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda 148 bazarda hem-de söwda merkezlerinde we dükanlarda 1-nji dekabrdan baýramçylyk söwdasyny guramagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda söwda nokatlarynyň 566-sy işläp başlar. Olar azyk önümleriniň dürli görnüşleri hem-de Täze ýyl baýramçylyk çärelerini bezemek üçin niýetlenen harytlar, şol sanda sowgatlar bilen üpjün ediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini belläp, söwda ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany ýurduň bazarlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatymyza ýokary derejede hyzmat etmek meselelerini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bazarlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen, ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru