Türkmeniň milli manady

0
577
113
5

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz milli puluny dolanyşyga girizdi. Bu aý mili pulumyzyň dolanyşyga girizillenine 22 ýyl boldy. Biz şu makalamyzda milli pulumyzyň taryhy, şu güni hem geljegi hakynda söhbet etmegi makul bildik.

SSSR-e tabyn respublikalaryň ykdysadyýeti biri-birine garaşly edilip gurnalandy. Mysal üçin, Türkmenistanda öndürilýän pagta müňlerçe km uzaklykdaky beýleki respublikalaryň zawodlarynda gaýtadan işlenýärdi. SSSR-iň ýykylmagy bilen täze dörän garaşsyz döwletleriň ykdysady baglanyşygyny bir günüň içinde aradan aýyrmak mümkin däldi. Emma döwleti berkitmek hem döwletara ykdysady baglanyşygy ortadan aýyrmak, bolmanda mümkin bolan derejede azatmak üçin aýgytly ykdysady çäreler zerurdy. Şol sebäpli Türkmenistan garaşsyzlygynyň üçünji ýylynyň içinde milli puluny, iki manat bir amerikan dollar hökmünde dolanyşyga girizdi. Elbetde, ýaňy garaşsyz bolan döwletimiziň kemala gelip ugran täze ykdysadyýeti köp faktorlara, iň esasam öňki Söýuzyň düzümine girýän ýurtlaryň ykdysadyýetine baglydy. Hut şol sebäpli milli manadymyzyň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşykdaky hümmetini döwlet derejesinde kesgitlenen nyrhda saklamak başartmady. 

SSSR-iň düzümine girýän respublikalaryň garaşsyz döwletler bolmagy bilen, öňki biri-birine bagly döwletara ykdysadyýet dargady. Bazar ykdysadyýetine esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň düýp binýadyny emele getirmek üçin wagt gerekdi. Iň esasam, halkyň gün-güzeranyny peseltmezden, planly ykdysadyýetden bazar ykdysadyýetine geçmek zerurdy. Şonuň üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň Karary bilen 1993-nji ýyldan başlap, ilatymyza suwuň, gazyň, toguň bellenen möçberdäki bölegi mugt berildi. Azyk harytlarynyň bahasy mümkin bolan derejede arzan saklandy. Döwletiň ilata berýän ýardamy pulumyzyň şol döwürde durnuksyz bolandygyna garamazdan, raýatlaryň mümkin bolan derejede az zyýan çekmegine esas boldy. 

Türkmen manadymyzyň daşary ýurt walýutasyna bolan gatnaşygynyň taryhyny yzygider seljerme etjek bolsaň, uzak gürrüň boljak. Şonuň üçin türkmen manadymyzyň ýatda galan belli-belli pursatlaryna nazar aýlamagy müwessa bildik. 1998-nji ýylyň awgustynda 5200 manadymyzyň bir amerikan dollar hümmeti bardy. Emma awgustyň üçünji ongünliginde Orsýetiň pulunyň içki bergiler esasynda defolt (hümmetiniň birden 5-6 esse peselmegi) bolmagy bilen türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasyna bolan hümmeti hem kem-kemden aşaklap başlady. Sebäbi ol zamanlar Türkmenistan iň uly girdejisi bolan gazyny diňe Orsýete satýardy. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň Orsýete köp derejede baglydygyny görkezýärdi. Şu ýerde pulumyzyň owalbaşda durnuksyz bolmagyna sebäp bolan bir ykdysady-syýasy wakany ýatlamak isleýärin. 

1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda Orsýet Hökümetiniň baştutany W. Çernomýordin Türkmenistanyň 1000 kub metr gazy üçin 32 $ bermegi teklip etdi, emma türkmen Hökümeti agzalan baha üçin azyndan 38 $ tölemegi talap etdi. Şeýlelikde Orsýet–Türkmenistan gaz satmak bahasynda ylalaşyp bilmänden soň, Türkmenistan Orsýete berýän gazyny kesdi. Elbetde, bu Türkmenistanyň ykdysadyýetinde belli bir uly kynçylyk döretdi, emma beýleki tarapdan Türkmenistan ykdysadyýetini gaz-nebite baglylykdan çykarmak üçin köp ykdysady çäreleri görmeli boldy. Bu döwürde söwda pudagy dolulygyna diýen ýaly hususy pudaga berildi. Garaz, Türkmenistan kynçylykdan degerli netije çykaran soň, 2000-nji ýylyň başyna Orsýetiň döwlet başyna gelen prezidenti W. Putiniň tabşyrmagy boýunça bu döwletiň Ýewropa döwletlerini gaz bilen üpjün edýän “Gazprom” kompaniýasynyň şol wagtky ýolbaşçysy R. Wýahirow Türkmenistana sapar bilen gelip, Türkmen Hökümeti bilen ylalaşmak esasynda Türkmenistan iki ýyldan gowrak arakesmeden söň, Orsýete gazyny gaýtadan satyp başlady. R. Býahirow şol gezekki saparynda türkmen halkynyň adyna aýdan tagaşyksyz sözleri üçin metbugat üsti bilen halkymyzdan ötünç sorapdy.

2000-nji ýyllaryň başky alty ýylynda bir amerikan dollarynyň hümmeti 20000-25000 manat aralygynda boldy. Dogry, 2004-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda bir amerikan dollarynyň 27000 manada ýeten halatlaram bolupdy, Ýöne agzalan döwürde, esasan bir amerikan dollary 23000-24000 manat aralygynda saklandy. Şol döwürde bir amerikan dollarynyň döwlet nyrhy 5200 manat diýip kesgitlenendi. Amerikan dollarynyň döwlet nyrhyndan gara bazardaky kursunyň bahasy 4-5 esse ýokarydy.

2007-nji ýylyň fewralynda döwlet başyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ykdysady syýasaty oňyn tarapa düýpgöter üýgedi. 2008-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 20000 manat bir amerikan dollary hökmünde kesgitlenip, banklarda satylyp başlandy. Şeýlelikde ýurdumyzda ilkinji gezek amerikan dollarynyň gara bazar kursy ortadan aýryldy. Şol ýylyň 27-nji aprelinden bolsa bir amerikan dollarynyň hümmeti 14250 manat möçberinde kesgitlendi. Amerikan dollarynyň bu hümmeti 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli saklandy. Bu döwürde döwlet baştutanynyň Karary bilen halkymyzyň aýlyk-günlükleri her ýylda 10% köpeldildi. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze demonirlenen milli manadymyz, öňki 5000 manat bir manat möçberinde dolanyşyga girizildi, 2009-njy ýylda köne hem täze demonirlenen pulumyz deň derejede ulanyşykda boldy. 2010-njy ýylda bolsa köne puly banklar päsgelçiliksiz täze pula öwrüp berdi. 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bir amerikan dollarynyň hümmeti 23% ýokarlandyrylyp, häzir bir amerikan dllary 3manat 50 teňňe möçberindedir. 2008-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, raýatlarymyzyň pul möçberdäki girdejisi 2015-nji ýyla çenli tas iki essä golaý köpeldi.

Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi ýylynyň içinde Türkmen ykdysadyýeti doly derejede kemala geldi. Elbetde, türkmen ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýeti bilen berk baglanyşykly, emma muňa garamazdan, türkmen ykdysadyýetiniň dünýä Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň çäginde berk orny bar. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, 1998-nji ýylyň awgustynda Orsýetiň ykdysady çökgünliligi Türkmenistanyň ykdysadyýetine güýçli ýaramaz täsirini ýetiripdi. Geçen ýylyň martyndan bäri Orsýetiň sanksiýalar sebäpli ykdysadyýeti peselip, rus rubly amerikan dollaryna bolan gatnaşykda hümmetini tas iki esse golaý ýitirdi. Munuňam üstesine soňky ýyl ýarymyň içinde nebitiň bahasy iki esse gowrak arzanlady, Munuň gazyň bahasyna hem öz täsirini ýetirýändigi görnüp dur. Elbetde, dünýäniň ykdysady çökgünliligi Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýär. Hatda Türkmenistan Hökümeti dünýä ykdysady çökgünliliginiň bolup biläýjek ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin amerikan dollarynyň hümmetini şu ýylyň başyndan 23% ýokarlandyrmaga mejbur bolupdy.

Türkmen Hökümeti Türkmenistanyň ykdysadyýetini köpugurly pudak edip, gaz-nebite, umuman çig maldan gelýän girdejä baglylygyny azaltmak üçinem tagalla edýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny, senagatyny, garaz ähli ykdysady pudaklary ösdürmek üçin ýörite Prezidentiň Karary esasynda tassyklanan döwlet meýilnamalary bar. Garaz, döwlet tarapyndan geçirilýän oňyn ykdysady çäreler milli manadymyzyň hümmetiniň döwletimiziň kesgitlän çäginde saklamaga doly şert döredýär. Bu bolsa türkmen milli manadynyň ertiriniň hümmetli boljagynyň kepilidir.
 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru