Galymjan Meldeşow: «Biz bu ýerde täze dostlary tapdyk»

0
117
0
0

Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemleýji dabaralara gatnaşyjy Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport ministriniň maslahatçysy Galymjan Meldeşowyň habarçymyza beren interwýusy:

— Şu gün biziň üçin aýratyn şatlykly günleriň biri. Ilki bilen, biziň halklarymyzyň umumy taryhy gymmatlyklarynyň bardygyny nygtamak isleýärin. Olar bizi birleşdirýär, has-da jebisleşdirýän oňyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda ýeneki sepgitlere badalga berýär. Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçirilen çäreler bizde diýseň uly täsir galdyrdy. Biz ençeme täze dostlarymyzy tapdyk. Gadymdan gelýän dostlugymyzy öňküden hem berkitdik. Şol bir wagtda biz özara tejribämizi hem baýlaşdyrdyk. Bu ýerde ýylyň dowamynda geçirilen dürli dabaralarda Gazagystanyň medeniýet we sungat ussatlary hem çykyş etdiler. Men Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän jemleýji dabaralaryň hem juda täsirli boljakdygyna ynanýaryn. Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň ýokary derejede hem-de üstünlikli geçirilmegine döredip beren mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentine öz çäksiz hoşallygymyzy bildirip, doganlyk türkmen halkyna hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru