Arman Nurmahamatuli: «Bilelikdäki konsertiň ägirt uly ak öýde geçirilmegi esasy aýratynlyk bolar»

0
138
0
0

Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli jemleýji dabaralara gatnaşyjy TÜRKSOÝ-nyň konsertleri, halkara festiwallary geçirmek boýunça režissýory Arman Nurmahamatuliniň habarçymyza beren interwýusy:

— Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda medeni çäreleriň köp sanlysy geçirildi. Olardan Mary şäherinde şu ýylyň tomsunda geçirilen bilelikdäki konserti görkezmek bolar. Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň jemleri mynasybetli hem ýörite konsert meýilnamasy taýýarlanyldy. Konsertde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlary çykyş ederler. Bu konsertiň şäherde gurlan ägirt uly ak öýde geçirilmegi bolsa esasy aýratynlykdyr. Nesip bolsa, şu gün agşam geçiriljek konsertiň türki halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjek dabara öwrüljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň jemleýji dabaralary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän günlerine gabat geldi. Biz hem pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen doganlarymyzy şanly baýram bilen gutlaýarys. Türkmen döwletine hemişe gülläp ösüşler ýar bolsun!

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru