Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda A.Nyýazow şaýolunyň durky doly täzelenen bölegi ulanmaga tabşyryldy

23:5925.11.2015
0
2469

25-nji noýabrda Aşgabatda A.Nyýazow şaýolunyň durky doly täzelenen bölegi ulanmaga tabşyryldy. Bu taslama ýol aýrytlaryny we köprüleri gurmak ýaly birnäçe iri taslamalary durmuşa geçiren türkmen gurluşykçylarynyň tagallasy bilen amala aşyryldy.

Özüniň tehniki häsiýetnamasy boýunça her gapdalyna gatnaw zolagy goşulan, uzynlygy 4 kilometre golaý, giňligi 30 metr bolan bu şaýol ýollara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýär.  Muňa mysal hökmünde ýoluň “örtgüsiniň” birnäçe gatdan, şol sanda çagylly düşekjeden, dokama däl geosintetik serişdeden, çagyl-çäge garyndysyndan, bitumdan we asfalt betonyň özünden ybaratdygyny aýtmak ýeterlikdir. Şaýol awtomobil gatnawlaryny sazlaýan we ýoly ýagtyldýan döwrebap enjamlar hem-de maglumat beriji tablo bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Ýoluň uzaboýuna zerur bolan inženerlik kommunikasiýalary, suw sowujylar, ýoluň gyrasynda ekilen şitilleri damja usulynda suwarmak üçin enjamlar, ýol hereketini guramak üçin tehniki serişdeleriň, awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň we yşyklandyryjylaryň elektrik üpjünçiligi üçin geçirijiler çekilipdir. Mundan başga-da, häzirki zaman awtobus duralgalary bar. Ýol bellikleri hem döwrebap uzak möhlete durnukly serişdeden peýdalanmak arkaly çekilipdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň