Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti tassyklanyldy

22:5421.11.2015
0
6462

21-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky V çagyrylyşynyň  XI  maslahaty boldy. Onda, ilki bilen, maslahatyň gün tertibine girizilen  “Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň  hem-de “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamalaryna  garaldy.

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň    girdeji bölegi 102 478,5 million manada, çykdajy bölegi bolsa 104 878,5 million manada deň bolar. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitgaz,  himiýa senagaty, elektrik energetika pudaklaryny, düýpli gurluşyk ulgamyny we beýleki pudaklary senagatlaşdyrmak babatynda alyp barýan özgertmeler maksatnamalarynyň esasynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli işleri netijesinde kemala getiriler. Köp babatda ösüş mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokary depginlerde ýaýbaňlandyrylmagynyň   hasabyna  obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk ulgamlary, dokma we azyk senagaty pudaklarynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Geljek ýyl ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň kärhanalarynyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň   hasabyna girdeji bölegini artdyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň ep-esli möçberi    durmuş ulgamyna, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport,   döwlet durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Uly möçberli maýa goýumlaryny giň gerimli  milli taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny abadanlaşdyrmak boýunça,  paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, durmuş- medeni  maksatly möhüm desgalaryň, senagat we ulag-aragatnaşyk düzümleriniň kemala getirilmegine gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

“Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”    Kanun  ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Deputatlar şeýle hem “Türkmenistanyň 2014-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyny biragyzdan kabul etdiler.

Soňra “Eýeçilik hakynda”, “Kosmos işi hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň  taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda  “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze redaksiýasyna garaldy. Bu kanunçylyk resminamasy prokuratura edaralarynyň işini,  ygtyýarlylygyny kadalaşdyrmaga, olary  döretmegiň we işlerini amala aşyrmagyň tertibini kesgitlemäge, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, olaryň abraýyny hem-de mertebesini goramagy üpjün etmäge gönükdirilendir.     

Deputatlaryň ara alyp maslahatlaşan hukuk resminamalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Salgyt kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň