Bereket stansiýasyndaky lokomotiw deposy doly taýýar ediler

0
793
1
0

Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýoluny halkara ölçeglere laýyk getirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda çykaran 12766-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine Bereket stansiýasynda lokomotiw deposynyň gurluşygyny tamamlamak we ony enjamlaşdyryp, doly taýýar edip tabşyrmak barada “Özerli Inşaat Sanayi ve Ticaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we desgany 2017-nji ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru