Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2015» atly 20-nji halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi

22:1116.11.2015
0
2385

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2015» atly 20-nji halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Onda şeýle diýilýär:

«Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2015» atly 20-nji halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asylly däpleriň birine öwrülen bu halkara maslahatyň we serginiň nebitgaz pudagyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn.

Gadyrly adamlar!

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolmak bilen, bu serişdeleri aýawly hem-de rejeli peýdalanmak boýunça tutumly işleri amala aşyrýar. Biziň ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi bolsa ençeme halkara taslamalary öňe sürmäge, tebigy baýlyklary sebitiň döwletleriniň bähbitlerine peýdalanmaga oňyn şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçen maslahatynda hem ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeleri bilen bagly anyk meselelere seretdik. Şeýle hem uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk.

Biz ýene-de sanlyja günden Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna başlamagy göz öňünde tutýarys. Bu gaz geçirijiniň taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge, ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge uly ýardam berjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek hem gaz pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biridir. Ýakyn günlerde bu gaz känini özleşdirmegiň üçünji tapgyrynyň taslama işlerine badalga bereris. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny bütin adamzadyň bähbidine gönükdirýändigimize ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan Gündogar—Günbatar gaz geçirijisiniň işe girizilmegi bolsa dünýäniň energetika howpsuzlygyna goşant goşýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň syýasy we ykdysady mümkinçiliklerini has-da artdyrar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda uglewodorod serişdelerinden zerur önümleri öndürýän toplumlaryň gurluşygyna başlanmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösdürilmegi hem-de Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, uglewodorod serişdelerini peýdalanyp, häzirki döwürde dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek, şonuň netijesinde köp sanly iş orunlaryny döretmek ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Häzirki döwürde ýurdumyzda iri gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesiniň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Ýakynda tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürjek ýene-de bir toplumyň düýbüniň tutulmagy bolsa bu ugurdaky meýilnamalary üstünlikli amala aşyrýandygymyza şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda nebitgaz pudagynda amala aşyrylýan taslamalaryň işine halkara işewürler toparlarynyň maslahatlary, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara maslahatlar uly itergi berýär.

Hormatly myhmanlar!

Gadyrly dostlar!

Bu halkara maslahat we sergi milli ykdysadyýetimiziň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy üçin zerur şertleri döretmäge ýardam berer.

Sizi «Türkmenistanyň nebiti we gazy—2015» atly 20-nji halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriňizde üstünlik, halkara maslahatyň we serginiň işine bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň