Aşgabadyň «Owadan» hyzmat ediş öýünde döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

0
760
12
0

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde umumy meýdany 5,8 müň inedördül metre barabar bolan “Owadan” hyzmat ediş öýüniň üç gatly täze binasy şähergurluşygynyň häzirki zaman talaplary nazara alnyp bina edildi.

Binanyň giň eýwanynda aşgabatlylara hem-de paýtagtyň myhmanlaryna hödürlenýän döwrebap hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän maglumat diwarlygy ýerleşýär. Binanyň otaglarynyň dürli reňklerde göwnejaý bezelmegi hem-de bu ýerde häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň ýerleşdirilmegi ajaýyp görnüşi emele getirýär.

Binanyň birinji gatynda sagat we aýakgap ussahanasy, himiki usulda arassalaýyş bölümi, gözellik salony, zergärçilik ussahanasy we dükan, şeýle hem kafe ýerleşýär. Bu ýere gelýänleri mähirli garşylamaga taýýar bolan oňaýly kafeteride ussalar ýumşuňy bitirýänçä, boş wagtyňy göwnejaý geçirmek bolýar.

Ikinji gatda tikinçilik we örme bölümi, milli lybaslar bölümi ýerleşdirilipdir. Olarda şahsy buýurmalar boýunça  lybaslary tikmek, egin-eşikleri rejelemek bolýar. Şeýle hem bu gatda fotostudiýa we beýlekiler ýerleşýär. Binanyň üsünji gaty bolsa edara otaglary üçin  niýetlenendir.

Zenanlar we erkekler üçin niýetlenen gözellik salonlary hem giň hem-de amatly otaglarda ýerleşýär. Olaryň her biri hödürlenýän hyzmatlara laýyklykda bölünendir (dellekhanalar, kosmetologiýa otaglary we beýlekiler). Olaryň ählisi nemes we türk önüm öndürijileriniň döwrebap hem-de örän oňaýly enjamlary bilen üpjün edildi.

Tehniki üpjünçilik hyzmatlar ulgamynyň täze kärhanasynyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýaponiýadan we Ýewropanyň ýurtlaryndan getirilen döwrebap enjamlarda hem-de maşynlarda işleýän tikinçileriň işi ep-esli kämilleşdirildi.

Himiki usulda arassalaýyş bölüminde işleýän hünärmenlerde hem täze mümkinçilikler peýda boldy. Iň täze senagat enjamlary hem-de müşderileriň iň ýokary talaplaryny kanagatlandyrmaga ýardam berýän beýleki tehniki täzelikler işgärleriň ygtyýaryndadyr.

Ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň ýokary derejesi, nyrhlaryň elýeterliligi döwrebap   durmuş hyzmatlary merkeziniň işine bildirilýän esasy talaplardyr. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru