Janly tebigatyň muzeýinde ýolbars çagalary ösýär

0
425
18
0

Şu ýylyň tomsunda Janly tebigatyň muzeýinde afrika jübüt ýolbarsyň çagalary dünýä indi. Muzeýiň hünärmenleri olar dünýä inenden bada-bat idetmegiň meýilnamasyny düzdüler. Oňa laýyklykda olaryň kakasy öz çagalaryny 14 günden gördi. Ätiýaçlyk üçin ony goňşy bolup ýeke ýaşaýan ýolbarsyň ýanyna göçürdiler. Haýwanlaryň şasyna mahsus bolşy ýaly, haçan-da ol öz çagalaryny görende olary “ýabany” haýwan hökmünde kabul etmän, eýsem olary uly kanagatlanma we buýsanç bilen kabul etdi. 
Ýolbars we ene ýolbars gözenek germewde günüň köp bölegini gezim etmek bilen biri-biriniň golaýynda geçirýärler. Ýene-de iki aýdan bagtly ýolbars maşgalasy birleşerler. Häzirlikçe ata ýolbars öz goňşy ýolbarsy bilen bilelikde ýaşamagyň ýazylmadyk kadasyna laýyklykda ýaşaýar: eger-de olaryň biri dynç alsa beýlekisi gezim edýär, şeýdip olar gezekleşip durýarlar. Bu bolsa olaryň biri-biri bilen seýrek duşuşyp durmagyna we durmuş garpyşygyndan gaça durmaga mümkinçilik berýär. 
Üç sany ýolbars çagajyklary öz eneleriniň ýanynda şadyýanlyk we dok halda ösýärler. Ýolbarslary baş idediji Ogulsabyr Orazgulyýewa ös idedýän haýwanlary barada gürrüň berip, ýolbars çagajyklaryny örän öwdi: “Olaryň enesi üýtgeşik, örän akylly! Ilkibada ol öz çagalaryny bu ýere gelýänlerden gabandy hem-de olary tagtadan ýasalan sekiň aşagynda gizledi. Ýöne bu şadyýanja ýolbarslara giňişlik gerek, her bir oňaýly pursat bolanda olar onuň daşyna çykýarlar. Olaryň enesi seresaplyk bilen gulak salmaýan çagasyny dişiniň arasyna alyp, ony ýerine eltýär. Indi, onuň çagalaryna hiç-hili howpuň abanmaýandygyny görüp, ene ýolbars bu ýere gelýänlere kän bir üns berip duranok. Ol öz çagalarynyň gowy naharlanmalydygyna düşünýär hem-de ol 7-8 kilogram eti iýýär. Ýolbars çagajyklaryny häzire çenli enesi iýmitlendirýär, nahar berilýän wagty olara kiçijik et bölegi berilýär, ýöne olar ony iýmeýän, ony oýnawaç hökmünde kabul edýärler”. 
Häzirki wagtda Janly tebigatyň muzeýinde afrika ýolbaşçylarynyň 13-si saklanýar, olaryň 10-sy uly ýaşlydyr (7 sany erkek we 3 sany ene ýolbars). Ýolbars çagajyklarynyň üçüsiniň dünýä inmegi bu ýerde haýwanlaryň gowy ýaşamaklary ähli şertleriň bardygy we gowy idedilýändigi netijesinde, olaryň ählisiniň gowy ýagdaýda saklanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru