Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri ýurtdaky ösüşiň derejesini kesgitleýär

17:0607.11.2015
0
2061

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly,  makroykdysady görkezijilere laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 107,5 göterim üpjün edildi, şol sanda ösüşler senagat pudagynda 102,6 göterime, gurluşykda 111,5 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 111,8 göterime, söwdada 112 göterime, oba hojalygynda 111,9 göterime hem-de hyzmatlar ulgamynda 110,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň on aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 106,5 göterim üpjün edildi.

Bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy. Halkyň sarp edýän  harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenilen çäklerde saklanyldy.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurduň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn ösüş gazanyldy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 108,2 göterim artdy.  

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda 144 binanyň we desganyň gurluşygy tamamlandy hem-de 183 desgada gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň