Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

0
682
0
0

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Polimeks Inşaat A.Ş.” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany kabul etdi.

Türkiýeli işewür türkmen Lideri bilen mähirli salamlaşyp we umumymilli baýram — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, baýramçylyk dabaralarynyň giň gerimde we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýändigine haýran galýandygyny, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda olara özüniň hem gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, köp sanly türk kompaniýalarynyň, şol sanda “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň ýurdumyzda üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu kompaniýa Olimpiýa şäherjigini, şeýle hem paýtagtymyzyň täze Halkara howa menzilini gurmak baradaky taslamalary durmuşa geçirmek ynanyldy. Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasyna bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň ähli maslahatlarynyň hem-de teklipleriniň göz öňünde tutuljakdygyna ynandyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru