Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetiniň wekillerini kabul etdi

09:3628.10.2015
0
2410

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Ýalçyn Topçuny hem-de TRT türk tele-radiokompaniýasynyň ýolbaşçysy Şenol Gökany kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ägirt uly kuwwatyň bardygyny nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutany we myhmanlar döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen we türk halklarynyň umumy medeni gymmatlyklaryny öwrenmek, aýawly saklamak hem-de artdyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Milletiň Lideri we Türkiýäniň medeniýet ministri netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça anyk ädimleri kesgitläp, iki ýurduň meşhur medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri, şol sanda Medeniýet günlerini, aýdym-saz we teatr festiwallaryny, bilelikdäki konsertleri, şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň sergilerini we beýleki çäreleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem iki halkyň doganlyk gatnaşyklaryny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň