“Engin Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Engin Kale Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigini belledi

0
1151
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyny Altyn asyr etrabynda meşhur “Engin Group” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Engin Kaleni kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny ýakynlaşyp gelýän şanly seneler — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy hem-de Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy bilen gutlady we milletiň Liderine berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň we abadançylygynyň, türkmen topragynyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady. Türkiýeli hyzmatdaşlarymyz bolsa köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany “Engin Group” kompaniýasynyň pudagyň önümçilik düzüminiň iri taslamalarynyň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmaga uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda Engin Kale türkmen Liderine kompaniýanyň Türkmenistanda amala aşyrýan taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Myhman türkmen bazarynyň özüne çekijiligini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin döredilen amatly şertleri belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru