BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy we ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili Jasinta BARRINS bilen söhbetdeşlik

0
174
0
0

Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň  ýakyn 15 ýyl üçin Durnukly  ösüş maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama BMG agza ýurtlaryň  bilelikdäki hereketleriniň maksatnamasy bolup durýar. Ählumumy maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen täze Gün tertibiniň ösüş babatdaky meseleleri häzirki  döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti öz çykyşynda olar barada türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi we belent münberden täze başlangyçlary öňe sürdi.  Olaryň hatarynda howpsuzlyk we durnukly ösüş, şol sanda ýaragsyzlanmak, howanyň üýtgemegi boýunça sebit tehnologiýalar merkezini döretmek, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi we beýleki oňyn başlangyçlary görkezmek bolar.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň soňky ýyllarda 20 müň bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary öz raýatlygyna kabul etmek baradaky başlangyjyny goldaýar, Türkmenistany häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň we oýlanyşykly çemeleşýän ygtybarly hem-de jogapkär hyzmatdaşy hasaplaýar. Türkmen döwleti halkara parahatçylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga we ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge degişli oňyn teklipler bilen çykyş edip, bu ugurda yzygiderli we anyk ädimleri ädýär. Aşgabatda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda bu merkez BMG-niň we sebitiň ýurtlarynyň arasynda möhüm ugurlaryň birnäçesi, şol sanda suw-energetika meseleleri, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna hem-de halkara terrorçylygyna garşy göreşmek boýunça özara gyzyklanma bildirýän oňyn gatnaşyklar üçin netijeli gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Aziýa ýurtlarynda ýaragsyzlanmak işine, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we daşky gurşawy goramaga, ynsanperwer häsiýetli meseleleri, şol sanda göçüp-gonmak, bosgunlara hem-de raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin öz hoşallygymy bildirýärin.  Türkmenistanyň hormatly  Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde Gender deňliginiň ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýandygy, bu ugurda Türkmenistanyň öz öňünde belent maksatlary goýandygy, bu maksadyň ähli aýal–gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdygy hakynda aýtdy.

Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, hukuk goraýjy ulgamda uly, maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Gender deňliginiň üpjün edilmegi şolaryň möhümleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryny yzygiderli we gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2016-2018-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar.

Sözümiň ahyryndaTürkmenistanyň hormatly Prezidentiniň durmuşa geçirýän, Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän açyk we parahatçylyk  söýüjilikli syýasatynyň ýokary baha mynasypdygyny nygtasym gelýär. Geljekde hem BMG bilen Türkmenistanyň deňhukuklylyk , birek – birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýa hem-de strategik häsiýete eý bolan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru