Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

10:0327.09.2015
0
2035

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçýän 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Najib Tun Razak bilen duşuşdy.

Türkmen Lideri Malaýziýanyň Premýer-ministrine biziň ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy, şeýle hem BMG-niň 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşine we 2012-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşine saýlawlarda Türkmenistany goldandygy üçin  minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Malaýziýa bilen Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň Assosiasiýasynyň çäklerinde döwletlerimiziň ykdysady, durmuş we medeni ösüşi üçin bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamak maksady bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary babatda onuň  häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Najib Tun Razak netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň hem-de giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, oňyn syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we söwda-ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýtdylar.

Biziň ýurtlarymyz energetika ulgamynda baý hyzmatdaşlyk tejribesini topladylar diýip aýtmak bilen, milletiň Lideri Türkmenistanda “Petronas” kompaniýasynyň alyp barýan işine ýokary baha berilýändigini, kompaniýanyň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamaga uly goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim we Malaýziýanyň syýahatçylyk ugrunda toplan uly tejribesini göz öňünde tutup, syýahatçylygy ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary işläp düzmek we munuň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny dünýä derejesinde ilerletmekde peýdalanyp boljakdygyny hasaba alanyňda, syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar diýip, döwlet Baştutany belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň