Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gypjakda gurbanlyk sadakasyny berdi

16:2225.09.2015
0
6030

24-nji sentýabrda mukaddes Gurban baýramyň birinji gününde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda gurbanlyk sadakasyny berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow kümmete gül dessesini goýup, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyralady. Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly işewürler, şeýle hem din işgärleri, hormatly ýaşulular, başga-da köp sanly adamlar kümmete gül desselerini goýdular. Bu ýerde aýat-doga okaldy.

Döwlet Baştutany egindeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň we onuň ýakynlarynyň aramgähine bardy. Bu ýerde merhumlary hatyralap, aýat okaldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti sadaka berilýän ýere bardy we ýygnananlar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryna eýerip, şu gün Gurban baýramynda ýurduň ähli ýerlerinde sadaka berilýändigini, ýagşy umyt bilen doga-dilegleriň edilýändigini belledi. Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli şu gün ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazy okaldy, sadakalar berildi. Okan namazyňyz, beren sadakaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, döwlet Baştutany ýygnananlara ýüzlendi.

Milletiň Lideri halkymyzyň däp-dessurlaryny gorap saklamaga we ösdürmäge uly üns berilýändigini, Gurban baýramynyň milli däplerimize laýyklykda, her ýyl döwlet derejesinde giňden bellenilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary we tutuş halkymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 24 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçen çärýek asyra golaý döwrüň içinde örän köp işleriň amala aşyrylandygyny, türkmen topragynyň tanalmaz derejede özgerendigini, berkarar döwletimiziň obalaryna we şäherlerine dürli maksatly häzirki zaman desgalarynyň görk berýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösdürilýär, gazanylýan ägirt uly üstünlikler barada ýakynda Awazada geçirilen Ýaşulular maslahatynda giňden durup geçdik, şunlukda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri kesgitledik, bu işleriň ählisiniň mähriban halkymyzyň parahat we asuda durmuşda bolelin ýaşamaklary ugrunda amala aşyrylýandygyny bellemelidiris diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Şu ýylyň dekabr aýynda Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyna 20 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň iň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly senäni giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutany belledi.

Milletiň Lideri Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýüji bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny, dünýäniň döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtady.

Şu gün bolsa biz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugraýarys, ol ýerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şanly 70-nji mejlisine gatnaşarys we onda dünýä döwletleriniň Baştutanlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek barada pikir alşarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisinde Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek boýunça möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow munuň Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň müftüsine ýüzlenip, tebärek çykmagy haýyş etdi. Asylly däbe görä, gurbanlyk sadakasy mynasybetli tebärek çykyldy.

Soňra bu günki çärä gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň, töwir galdyryldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýene-de bir gezek doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi. “Kabul bolsun! Goý, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk bolsun!” diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň