Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen we ýapon hünärmenleri tarapyndan täze senagat kärhanalarynyň gurluşygynyň meýilnamalary taýýarlanyldy

15:4721.09.2015
0
2759

Türkmen we ýapon hünärmenleri tarapyndan täze senagat desgalarynyň gurluşygy boýunça meýilnamalar taýýarlanyldy. Onda öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly tebigy gaz gaýtadan işlenilip, polipropileniň,
polietileniň, kaustik sodanyň, poliwinilhloridiň, akril süýüminiň, benziniň, dizel ýangyjynyň, kerosiniň we beýleki gazhimiýa önümleriniň jemi 17 görnüşiniň önümçiligi ýola goýlar.

Umuman, 10 sany iri gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmak göz öňünde tutulýar. Şol sanda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde, Daşoguz welaýatynda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmagyň üçünji nobatdakysynyň çäklerinde degişli işleri alyp barmak bellenildi.

Täze kärhanalaryň we gazy gaýtadan işlemegiň netijesinde alynjak önümleriň taslamalary Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde öňe sürüldi.

 Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Hazaryň kenarynda geçirilen maslahatynda eden çykyşynda häzirki döwürde Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny we türkmen tebigy gazyny Ýewropa ýurtlaryna ibermek bilen bagly taslamalary durmuşa geçirenimizden soň, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça alyp barýan işleri tamamlamak we ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnama laýyklykda, tebigy baýlyklarymyzy netijeli peýdalanmak üçin ýurdumyzda gazy gaýtadan işleýän zawodlary we beýleki kärhanalary gurmak boýunça degişli wezipeleri öňe sürdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň