Soňky habarlar

Arhiw

Ýolötende täze medeniýet öýi ulanylmaga berildi

11:4617.09.2015
0
3293

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde bina edilen täze medeniýet öýi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Iki gatdan ybarat 200 orunlyk täze binada medeniýet, sungat wekilleriniň döredijilikli zähmet çekmekleri, aýdym-sazlary döretmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge, ilhalar sahna eserlerini sahnalaşdyrmaga hem-de halk köpçüligine ýetirmäge giň mümkinçilikler döredilipdir. Desganyň aýdym-saz, tans, teatr, orkestr üçin niýetlenen başga-da birnäçe otaglary hem-de kitaphanasy bolup, olar gerekli enjamlar, saz gurallary bilen üpjün edilipdir.

Medeniýet öýi döwrüň talabyna laýyk ýokary hil derejede gurlupdyr we abzallaşdyrylypdyr. Medeniýet ojagynyň içinde, görnükli ýerde türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny ösdürmäge saldamly goşant goşan ussat halypalaryň, bagşy-sazandalaryň, döredijilik işgärleriniň suratlary ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň