Gökdepede “Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr” atly dabara geçirildi

0
204
2
0

16-njy sentýabrda  Gökdepäniň Medeniýet köşgünde “Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Halypa türkmen bagşy – sazandalary bolan Kel bagşa, Mylly Täçmyradowa, Sahy Jepbarowa bagyşlanan dabara Medeniýet ministrliginiň we Ahal  welaýat häkimliginiň guramagynda geçirildi.

Dabarada halypalara bagyşlanyp ýazylan kitaplaryň, suratlaryň sergisi hem görkezildi.  Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar – sungat mekdebiniň bagşylar toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Halypalary ýatlap Türkmenistanyň halk artistleri Nurýagdy Baýramow, Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow  çykyş etdiler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru