Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy

0
581
2
0

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Yrakdan, Owganystandan, Latwiýadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagyny, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalaýyşdan geçirilen benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna bugdaý uny, azyklyk bugdaý, nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Türkiýe, BAE, Singapur, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 65 million 603 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan we Pakistandan gelen işewürler umumy bahasy 2 million 915 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 451 müň manatlykdan gowrak polipropilen (TNGIZT) we süýümli ulýuk satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru