Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli sergi açyldy

11:1603.09.2015
0
11752

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda  “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli döredijilik serginiň dabaraly açylyşy boldy. “Dizaýn” hem-de “Heýkeltaraşlyk” kafedralarynyň müdirleri Jumageldi Amangeldiýew bilen Polat Mämiýew bu serginiň guramaçylyk işlerini alyp bardylar.

Sergide “dizaýn” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Jennet Garaýewanyň, Güljemal Ýamadowanyň hem-de “heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyplary Agaýusup Çohowyň, Maksat Nurmetowyň işleri  görkezildi. Serginiň açylyşyna tanymal türkmen suratkeşleri we sungaty öwrenijileri  gatnaşdylar. Türkmenistanyň halk suratkeşi, tanymal heýkeltaraş Ýedi Madatow hem-de sungaty öwrenji Azat Annaýew talyplaryň dury pikirlerine, döredijilik gözleglerine hem-de işleriniň kämil derejesine oňyn baha berdiler.

“Bilimler we talyp ýaşlar gününe” bagyşlanan sergi ýaş zehinleriň dürli žanrlarda ýerine ýetirlen işlerini görmäge mümkinçilik döretdi. Döredijilik ýaşlary portretlerde özlerini gurşap alan dürli adamlary, ýagny mugallymlaryny, dostlaryny, ýakynlaryny, tanyşlaryny şekillendirýärler. Sergi talyplaryň diňe bir portrete däl, eýsem taryhy žanra hem-de peýzaža bolan gyzyklanmalarynyň ösüşini äşgär edýär.

Agaýusup bilen Maksadyň işlerinde durmuş janlandyrylýar. Bu ýaşlar heýkeltaraşlygyň inçe syrlaryny ilkinji bilen oz mugallymlary Begmyrat Rejepowdan, Wepa Reýimowdan öwrenýärler. Talyplaryň portret işlerinde daşky meňzeşligi şekillendirmekde we adamyň ruhy dünýäsini açyp görkezmekde alyp barylýan okuw tejribe işleri aýdyň ýüze çykýar. Olaryň taslamalarynda hereketlilige aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň taryhynyň, dessanlarynyň baş gahrymanlarynyň keşplerinden ruhlanmak bilen ýaş heýkeltaraşlar olaryň söweşde görkezen gaýduwsyzlyklaryny beýan etmäge çalyşýarlar.

Sergide “dizaýn”  kafedrasynyň göreldeli talyplary Güljemal Ýamadowanyň we Jennet Garaýewanyň işleri aýratyn öwüşgüne mynasyp boldy. Jennet Garaýewanyň ikinji halypasy öz ejesi bolupdyr. Soňra oňa çagalar ýörite sungat mekdebinde Altyn Çaryýewa halypalyk edýär. Garaýewa Jennet Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasyň ýanyndaky ýörite çeperçilik sungat mekdebinde okan döwründe mugallym Berdi Çaryýewiň elinde bilim alýar. Häzirki günde bolsa bu gyzlar biziň çeperçilik akademiýamyzyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Hoşgeldi Atasaparowyň mugallymçylygynda dizaýn sungatynyň aýratynlygyny we inçe ýollaryny öwrenýärler.  J.Garaýewa,  G.Ýamadowa dizaýn ugruny saýlap alan bolsalar-da nakgaşçylyk bilen hem meşgullanýarlar. Olaryň nakgaş eserlerine seredeniňde dizaýnyň esaslarynyň täsiri aýdyň ýüze çykýar. Dizaýn hünärinde birnäçe ugurlar bar. Ýaş dizaýnerler interýeri bezemek ugry boýunça sagatlaryň, yşyklandyryjylaryň maketlerini ýerine ýetirýärler. Bu işleriň taslama esaslarynda gözel tebigatymyzyň janly-jandarlarynyň we ösümlikleriniň ajaýyp şekilleri jemlenýär.

“Türkmenportal” redaksiýasy zehinli talyplara täze döredijilik üstünliklerini arzuw edip, olaryň geljekki täze sergilerine hem gatnaşmaga umyt edýär.

Sergi çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda sentýabr aýynyň 15-ine çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň