TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Öri meýdanlary hakynda

0
948
0
0

Şu Kanun öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak, olaryň ekologik, ykdysady we serişde potensialyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) öri meýdanlary ýa-da peýdalanylýan öri meýdan ýerleri — döwlet eýeçiliginde durýan we mal bakmak hem-de beýleki maksatlar üçin peýdalanylýan, oba hojalyk maksatly ýerleriň düzümine girýän ýerler;

2) öri meýdanlarynyň baýlyklary — belli bir öri meýdan ýer böleginiň önümliligini kesgitleýän ot, gyrymsy agaç we beýleki ösümlikleriniň gorlary;

3) öri meýdanlarynyň düzümine girýän obýektler — suwlulandyryş desgalary (guýular, dik guýular, suw sorujy beketler, suw geçirijiler we beýleki desgalar), ýollar, köprüler, mal sürlüp geçirilýän ýollar, agyllar we mallary suwa ýakmak hem-de olaryň dynç almagy üçin daşyna germew aýlanan ýerler, çopanlaryň wagtlaýyn ýaşamaklary üçin ýerler, şeýle hem mal bakmak üçin zerur bolan beýleki gozgalmaýan emläk;

4) öri meýdanlarynyň göterijilik sygymy — öri meýdanlarynda öri meýdan baýlyklaryna we ekologik ýagdaýyna zyýan ýetirmezden bakylyp bilinjek, ýeriň meýdan birligine düşýän mallaryň baş sanynyň mukdary;

5) mal sürlüp geçirilýän ýollar — mallary öri meýdanlarynyň beýleki ýerlerine sürüp äkitmek ýa-da mallaryň öri meýdanlaryň arasynda hereket etmekleri üçin niýetlenilen, öri meýdanlarynyň bölekleri;

6) öri meýdanlaryny peýdalanyjylar — öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň ýuridik şahslary;

7) öri meýdanlarynyň kärendeçileri — öri meýdanlaryny kärendesine almak hukugyna eýe bolan, Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary;

8) öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşigi — belli bir çäkde ýaşaýan hem-de bilelikde mal bakýan we (ýa-da) öri meýdanlaryny beýleki maksatlar üçin peýdalanýan mal eýeleri tarapyndan, öri meýdanlaryny bilelikde dolandyrmak we peýdalanmak maksady bilen döredilen jemgyýetçilik birleşigi;

9) çekene — mallary bilelikde bakmak maksady bilen ýuridik şahsy döretmezden döredilen mal eýeleriniň birleşigi;

10) öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyny düzgünleşdirmek boýunça topar — özüniň garamagyndaky çäkde ýerleşýän öri meýdanlarynyň rejeli peýdalanylmagy we goralmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy ýa-da öri meýdanlaryny peýdalanyjylar tarapyndan düzülýän topar;

11) öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasy — öri meýdanlarynyň durnukly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan maglumatlary özünde jemleýän resminama;

12) peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini goramak — öri meýdanlarynyň serişde potensialynyň rejeli peýdalanylmagyna, gowulandyrylmagyna we goralyp saklanylmagyna, öri meýdanlarynyň zaýalanmagynyň, ýok edilmeginiň ýa-da olara beýleki zyýanly täsirleriň ýetirilmeginiň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň toplumy;

13) öri meýdanlaryny gowulandyrmak —
öri meýdanlarynyň serişde potensialyny we önümliligini ýokarlandyrmaga, topragyň hasyl berijiligini artdyrmaga we öri meýdanlaryny suwlulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumy;

14) öri meýdanlarynyň başga maksatlar üçin peýdalanylmagy — öri meýdanlarynyň, mal bakmakdan başga, olara degişli bolan, ýöne olar bilen çäklenmeýän, aw awlamak, balaryçylyk, derman ösümliklerini, miweleri we ir-iýmişleri ýygnamak, bede taýýarlamak, syýahatçylyk we raýatlaryň dynç almagy ýaly beýleki maksatlar üçin peýdalanylmagy;

15) öri meýdanlarynyň döwlet monitoringi —
öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak maksady bilen öri meýdanlarynyň peýdalanylmagy, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna baha berilmegi we çaklanylmagy netijesinde ýüze çykýan, bolup geçýän üýtgeşmelere gözegçilik ediş ulgamy;

16) öri meýdanlarynyň döwlet hasaba alnyşy — öri meýdanlarynyň tutýan meýdany, ýerleşişi we araçäkleri hem-de degişli döwürde olar bilen bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumat;

17) öri meýdanlaryny tükelleme (inwentarizasiýa) — öri meýdanlarynyň ýagdaýyny ýazyp teswirlemek, kartalaşdyrmak hem-de mukdar we hil görkezijilerini kesgitlemek boýunça işleriň toplumy;

18) öri meýdanlarynyň geobotaniki barlaglary — öri meýdanlarynyň önümliligini, ot örtüginiň gurluşyny we düzümini, onuň gögerýän ýerlerini, mallaryň dürli görnüşlerini bakmak üçin öri meýdanlaryny peýdalanmak mümkinçiligini, öri meýdanlarynyň ot we gyrymsy agaç ösümlikleriniň hilini hem-de onuň gorlaryny, şeýle hem bar bolan suw çeşmelerine görä öri meýdanlaryny peýdalanmagyň häsiýetini, mal sürlüp geçirilýän ýollary we öri meýdanlaryny döwürleýin peýdalanmak mümkinçiligini kesgitlemek maksady bilen geçirilýän barlaglar.

2-nji madda. Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Öri meýdanlary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we gorap saklamak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň ýerlerinde we aýratyn goralýan tebigy çäklerde mal bakmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar, Türkmenistanyň degişli kanunçylygy arkaly düzgünleşdirilýär.

3. Şu Kanunyň düzgünleriniň, şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen ýerleriň toparlarynyň hukuk düzgünine çapraz gelmeýänligine görä, bu düzgünler olar babatda ulanylýar.

4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri

Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak bolup durýar.

4-nji madda. Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri

Öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) öri meýdanlarynyň rejeli peýdalanylmagyny we gowulandyrylmagyny üpjün etmek;

2) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň goralmagyny üpjün etmek;

3) Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary üçin öri meýdanlarynyň elýeterliligi;

4) öri meýdanlarynyň rejeli peýdalanylmagyny, gowulandyrylmagyny we goralmagyny ykdysady taýdan höweslendirilmegi;

5) öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyna we goralyşyna gözegçilik;

6) öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda kadalaşdyrmak;

7) öri meýdanlaryny peýdalanmak bilen bagly çäreler geçirilen mahalynda aýanlyk, raýatlaryň öri meýdanlarynyň peýdalanylyşy we goralyşy hakynda maglumatlary almaga bolan hukugy;

8) raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň öri meýdanlaryny goramak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna, durmuşa geçirilmegi öri meýdanlarynyň ýagdaýyna oňyn täsir edip biljek çözgütleriň taýýarlanylmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gatnaşmagy;

9) öri meýdanlaryna ýaramaz täsirleriň netijesinde, olara ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy;

10) öri meýdanlary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik;

11) öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy.

5-nji madda. Öri meýdanlaryna eýeçilik hukugy

1. Öri meýdanlary döwlet eýeçiligi bolup durýarlar, onuň goragy astynda bolýarlar we hususy eýeçilige berlip bilinmeýär.

2. Öri meýdanlary şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän şertlerde we tertipde diňe peýdalanmaga hem-de kärendesine berlip bilner.

6-njy madda. Öri meýdan ýerleri

1. Öri meýdan ýerleri oba hojalyk maksatly ýerleriň düzümine girýärler.

2. Öri meýdan ýerleriniň düzümine mal bakmak üçin peýdalanylýan ýerler, şeýle hem mal sürlüp geçirilýän ýollar, kommunikasiýalar, ýata suwly howdanlar, guýular, suw geçirijiler, gurulmalar we öri meýdan hojalygyny alyp barmak üçin zerur bolan beýleki desgalar bilen eýelenen ýerler girýärler.

7-nji madda. Öri meýdanlary üçin berilýän ýerleriň beýleki toparlary

1. Mal bakmak üçin öri meýdan hökmünde Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň ýerleri, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň aýratyn bölekleri we beýleki toparlara degişli ýerler bölünip berlip bilner.

2. Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň çägindäki mal bakmak üçin ýaramly ýerler, tokaý hojalygyny alyp barmagyň maglumatlaryna görä bölünip berilýär we Türkmenistanyň tokaý kanunçylygynda bellenilen tertipde peýdalanylyp bilner.

8-nji madda. Öri meýdan ýerlerini ýerleriň beýleki toparlaryna geçirmek we öri meýdan ýerlerini almak

1. Öri meýdan ýerlerini oba hojalyk zerurlyklary bolmadyk hajatlar üçin ýerleriň beýleki toparlaryna geçirilmegine aýratyn ýagdaýlarda, Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilýän tertipde ýol berilýär.

2. Öri meýdan ýerleriniň döwlet ýa-da jemgyýetçilik zerurlyklary üçin alynmagy Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

3. Öri meýdan ýerleriniň ýerleriň beýleki toparlaryna geçirilmegi we şu maddanyň 1-nji hem-de 2-nji böleklerinde göz öňüne tutulan esaslarda ýuridik we fiziki şahslara berlen öri meýdan ýerleriniň alynmagy, görkezilen ýuridik we fiziki şahslar habarly edilende, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elden giderilen peýdany goşmak bilen ähli zyýanlaryň doly möçberde öweziniň dolunan şertinde ýerine ýetirilip bilner.

9-njy madda. Öri meýdanlarynyň toparlary

Öri meýdanlary şu aşakdaky toparlara bölünýärler:

1. Ýerleşýän ýerleri boýunça:

1) çöldäki;

2) dag etegindäki;

3) dagdaky.

2. Peýdalanylýan wagty boýunça:

1) ýylyň dowamynda;

2) möwsümleýin.

3. Suw bilen üpjün ediliş derejesi boýunça:

1) suwlulandyrylan;

2) suwlulandyrylmadyk.

4. Peýdalanylyşynyň görnüşi boýunça:

1) uzak örüler;

2) ilatly ýerlere golaý ýerleşýän.

II BAP. ÖRI MEÝDANLARYNY PEÝDALANMAK WE GORAMAK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY

10-njy madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar

1. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy (mundan beýläk — ygtyýarlandyrylan edara);

2) ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy;

3) tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy.

11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary

Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we kärendesine bermegiň tertibini tassyklaýar;

4) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň umumy dolandyryşyny amala aşyrýar, döwlet dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işlerini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde we şertlerde, döwlet we jemgyýetçilik zerurlyklary üçin, peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini almak hakynda çözgüt kabul edýär;

6) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň Türkmenistanyň welaýatlarynyň arasynda täzeden paýlamagy amala aşyrýar;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

12-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlyklary

1. Ygtyýarlandyrylan edara:

1) öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak, öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

3) ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy bilen bilelikde öri meýdanlaryny peýdalanmagyň tertibini işläp taýýarlaýar;

4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak barada we goramak hakynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar hem-de kabul edýär;

5) öri meýdanlaryny gowulandyrmak, öri meýdan infrastrukturasynyň obýektlerini ösdürmek boýunça çäreleri geçirýär, öri meýdanlarynyň çakdan aşa ulanylmagyna we zaýalanmagyna ýol bermezlik boýunça çäreleri görýär;

6) öri meýdanlarynyň obýektleriniň infrastrukturasynyň peýdalanyşyna we goralşyna, öri meýdanlaryny peýdalanmagyň bellenilen düzgünleriň ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

7) öz tabynlygyndaky öri meýdanlardaky mallaryň baş sanynyň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrýar;

8) degişli edaralar bilen bilelikde öri meýdanlarynda ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýar, olarda ýangyn ojaklarynyň öz wagtynda ýok edilmegini üpjün edýär, şeýle hem öri meýdan ösümlikleriniň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;

9) mallaryň bakylýan uzakdaky öri meýdanlaryndaky maldarçylygyň suw üpjünçilik desgalarynda gurluşyk-gurnama, bejeriş, şeýle hem ulanyş işlerini amala aşyrýar;

10) peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini dolandyrmak, öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak babatda işleri amala aşyrýan daýhan birleşiklerine we beýleki öri meýdanlaryny peýdalanyjylara usulyýeti we başga kömekleri berýär;

11) öri meýdanlarynyň monitoringini amala aşyrýar;

12) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

2. Ygtyýarlandyrylan edara öri meýdanlary hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

13-nji madda. Ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň ygtyýarlyklary

Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy:

1) öri meýdan ýerleriniň rejeli peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna öri meýdan ýerlerini peýdalanmaga hem-de kärendesine bermek üçin resminamalary resmileşdirýär;

3) öri meýdanlarynyň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda öri meýdan ýerlerini peýdalanmak hukugynyň döwlet bellige alnyşyny, şeýle hem bu hukugy kepillendirýän resminamalaryň berilmegini amala aşyrýar;

5) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň ýagdaýyny ýazyp teswirlemegi, kartalaşdyrmagy hem-de mukdar we hil görkezijilerini kesgitlemegi öz içine alýan öri meýdanlarynyň tükelleme işlerini geçirýär;

6) ygtyýarlandyrylan edara bilen bilelikde öri maldarçylygy üçin öri meýdanlaryny çaklamak we olary geljegi göz öňünde tutup peýdalanmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar;

7) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

14-nji madda. Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlyklary

Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak çygrynda tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy:

1) öri meýdanlarynyň daşky gurşawynyň çäkleriniň we öri meýdan baýlyklarynyň goralyp saklanylyşyna hem-de olaryň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) öri meýdanlaryny goramak we rejeli peýdalanmak maksady bilen öri meýdanlaryň we öri meýdan baýlyklarynyň ýagdaýyna monitoringi geçirýär;

3) öri meýdanlarynyň we öri meýdan baýlyklarynyň daşky gurşawynyň ýagdaýynyň hil görkezijilerini kesgitlemek böleginde öri meýdanlaryny tükelleme işlerine gatnaşýar;

4) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.

15-nji madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

1. Öri meýdanlary peýdalanmak we goramak babatda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary:

1) öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar;

2) özleriniň garamagyndaky çäklerde peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini rejeli peýdalanmak we goramak boýunça çäreleri görýärler;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öri meýdanlarynyň rejeli peýdalanylyşyna we goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýärler;

5) ýer meseleleri boýunça etrap (şäher) toparlarynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna öri meýdan ýerlerini peýdalanmaga berýärler;

6) ýer meseleleri boýunça degişli toparlaryň ýüztutmalary esasynda etraplaryň, daýhan birleşikleriniň we beýleki ýuridik şahslaryň arasynda öri meýdan ýerleriniň täzeden paýlanylmagy barada teklip edýär;

7) öri meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak hem-de özleriniň garamagyndaky çäklerde olar bilen göreşmek boýunça her ýylky çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we durmuşa geçirýärler;

8) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:

1) öri meýdanlary rejeli peýdalanmak we goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşýarlar;

2) öri meýdanlaryny gowulandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegine ýardam edýärler;

3) özleriniň garamagyndaky çäklerde mallaryň baş sanynyň ýyllyk hasaba alnyşyny geçirýär;

4) öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün edýärler;

5) öri meýdanlaryny ýangynlardan goramak we ýangynlaryň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar, şeýle hem özleriniň garamagyndaky çäklerde ýangyna garşy wagyz işlerini gurnaýarlar;

6) öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşikleriniň döredilmegine ýardam edýärler;

7) özleriniň garamagyndaky çäklerde öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak maksady bilen, öri meýdanlaryny peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça toparlary düzýärler;

8) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

III BAP. PEÝDALANYLÝAN ÖRI MEÝDAN ÝERLERINIŇ PEÝDALANYLMAGY WE

OLARYŇ KÄRENDESI

16-njy madda. Peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylar we kärendeçiler

1. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň ýuridik şahslary, peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylar bolup durýarlar.

2. Öri meýdanlaryny kärendesine almak hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendeçileri bolup durýarlar.

17-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugy

1. Öri meýdanlary peýdalanmak hukugynda daýhan birleşiklerine, döwlet maldarçylyk hojalyklaryna, öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerine we Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahslaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän tertipde we şertlerde berlip bilner.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugy ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan berilýän öri meýdan ýerlerini peýdalanmaga hukuk berýän nama bilen tassyklanylýar.

18-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmaga bermegiň möhletleri

1. Öri meýdanlary uzak möhletleýin we wagtlaýyn peýdalanmak üçin berlip bilner.

2. Mallaryň bakylýan uzakdaky öri meýdanlaryndaky maldarçylyk üçin öri meýdanlary uzakmöhletleýin peýdalanmaga daýhan birleşiklerine, döwlet maldarçylyk hojalyklaryna, öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerine we Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahslaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde we şertlerde berlip bilner.

19-njy madda. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary we borçlary

1. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) öri meýdanlaryny peýdalanmaga, öri meýdan hojalygyny özbaşdak ýöretmäge;

2) peýdalanylýan öri meýdan ýerlerinde işleriň ähli görnüşleriniň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

3) öri meýdanlarynyň kärendesi barada şertnamalary baglaşmaga;

4) öri meýdan hojalygyny ýöretmek üçin zerur bolan ýollary, suwa ýakylýan ýerleri, agyllary, ýaşaýyş hem-de hojalyk jaýlaryny we beýleki obýektleri gurmak boýunça işleri bellenilen tertipde geçirmäge.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) öri meýdanlaryny olaryň maksatlaýyn niýetlenilişine görä peýdalanmaga;

2) peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini gowulandyrmak, ýel we suw ýuwulmasyna (eroziýasyna), çölleşmäge garşy göreşmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge, suw çeşmeleriniň gurluşygyny we durkunyň täzelenmegini amala aşyrmaga, öri meýdan dolanyşygyny berjaý etmäge, şeýle hem öri meýdanlarynyň zaýalanmagyna ýol bermezlige;

3) peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini hasaba almagy ýöretmäge we tükelleme işlerini geçirmäge gatnaşmaga;

4) öri meýdanlaryny goramagy we olarda ýangynlaryň döremeginiň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmaga, öri meýdanlarynda ýangyn döreýiş ojaklarynyň öz wagtynda ýok edilmegini üpjün etmäge, öri meýdan ösümlikleriniň zyýankeşlerine we kesellerine garşy göreşmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga;

5) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň we suw çeşmeleriniň ekologik we sanitariýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri görmäge;

6) öri meýdanlarynyň kärendesiniň kadalarynyň we düzgünleriniň bozulmagyna ýol bermezlige;

7) beýleki öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň, şeýle hem öri meýdanlarynyň kärendeçileriniň hukuklaryny bozmazlyga.

3. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylar şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda başga hukuklara eýe bolup we başga wezipeleri alyp baryp bilerler.

20-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi

1. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugy şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:

1) peýdalanmagynda öri meýdany bar bolan daýhan birleşiginiň, döwlet maldarçylyk hojalygynyň ýa-da Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahsynyň işi bes edilende;

2) öri meýdanlaryny peýdalanmagyň möhleti gutaranda;

3) öri meýdanlarynyň maksatlaýyn niýetlenilişine görä peýdalanylmazlygynda;

4) uzak wagtlaýyn döwre we uly meýdanda öri meýdanlarynyň ýagdaýynyň we önümliliginiň ýaramazlaşmagy bilen şertlendirilen öri meýdan hojalygynyň rejesiz alnyp barylmagynda;

5) öri meýdan ýerleri döwlet we jemgyýetçilik zerurlyklary üçin alnanda;

6) öri meýdanlaryndan peýdalanmakdan meýletin ýüz dönderilende;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi Türkmenistanyň ýer kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde geçirilýär.

3. Öri meýdanlaryny peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi baradaky çözgüt kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

21-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda daýhan birleşikleriniň wezipeleri

Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda daýhan birleşigi:

1) öri meýdanlaryň infrastrukturasyndaky obýektlerini dolandyrmagy, şeýle hem ulanmagy we saklamagy amala aşyrýar;

2) daýhan birleşiginiň agzalaryna, degişli çäkde ýaşaýan raýatlara, öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini mal bakmak üçin kärendesine berýär;

3) öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda öri meýdanlarynyň kärendesiniň şertnamalaryny, şol sanda beýleki dolandyryş-çäk düzümlerinde ýerleşýän (welaýatlaryň, etraplaryň we geňeşlikleriň), beýleki öri meýdanlaryny peýdalanyjylar bilen baglaşýar;

4) öz garamagyndaky çäklerde çekene mallaryny hasaba alýar;

5) mallaryň kimiň eýeçiligine degişlidigine garamazdan, daýhan birleşigine berkidilen çäkde, sürüleriň sanynyň we mallaryň baş sanynyň her ýylky hasaba alynmagyny geçirýär;

6) öri meýdanlarynyň kärende üçin tölegini ýygnamagy amala aşyrýar;

7) öri meýdanlarynyň kärendeçileriniň arasyndaky jedelleri çözýär;

8) öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly beýleki meseleleri çözýär.

22-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda döwlet maldarçylyk hojalygynyň wezipeleri

1. Döwlet maldarçylyk hojalygy ygtyýarlandyrylan edaranyň ýa-da beýleki döwlet edaralarynyň we guramalarynyň garamagynda bolýar.

2. Döwlet maldarçylyk hojalyklary, öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak babatda, şu Kanunyň 21-nji maddasyna laýyklykda daýhan birleşikleri üçin bellenilen şol bir wezipelere eýedirler.

3. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasyna laýyklykda, döwlet maldarçylyk hojalygynyň çözgüdi boýunça öri meýdanlary peýdalanmaga berilýär.

23-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşikleri

1. Hususy eýeçiliginde maly bar bolan fiziki şahslar, öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerini döretmäge we peýdalanmaga öri meýdan ýerlerini almak üçin ýer meseleleri boýunça degişli toparlara ýüz tutmaga haklydyr.

Çekene we beýleki mal eýeleri hem öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiginiň agzalary bolup bilerler.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşikleriniň agzalary bir geňeşligiň çäklerinde çäk ýörelgesi boýunça birleşýärler.

3. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerini bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

4. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşikleri şu Kanunyň 21-nji maddasyna laýyklykda daýhan birleşikleri üçin bellenilen şol bir wezipelere eýedirler.

5. Öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiginiň birkysmy Tertipnamasy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

24-nji madda. Çekene

1. Çekene bilelikde mal bakmak üçin hususy mal eýeleri tarapyndan döreýär.

2. Çekene ýuridik şahsy döretmezden öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň meýletin birleşigi bolup durýar.

3. Çekene degişli daýhan birleşiginde, döwlet maldarçylyk hojalygynda ýa-da başga ýuridik şahsda hökmany bellige alynmaga degişlidir.

4. Çekenäniň şu Kanun we Türkmenistanyň ýer kanunçylygy tarapyndan kesgitlenilýän şertlerde we tertipde öri meýdanyny peýdalanmaga almaga hukugy bardyr.

5. Çekenäniň agzalary öz agzalarynyň arasyndan çekenäniň ýolbaşçysyny saýlaýarlar. Çekenäniň ýolbaşçysy çekenäniň işine (çopany hakyna tutmak, öri meýdanlarynyň kärendesiniň şertnamalaryny baglaşmak, beýleki guramaçylyk meselelerini çözmek) umumy ýolbaşçylyk edýär, mallaryň bakylşyna, öri meýdan infrastrukturasynyň obýektleriniň ulanylşyna we saklanylşyna gözegçilik edýär.

25-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça topar

1. Öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak we goramak maksady bilen, öri meýdanlaryny peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça topar (mundan beýläk — Topar) döredilýär.

2. Toparlara daýhan birleşiginiň, döwlet maldarçylyk hojalygynyň wekili ýa-da degişli arçynlar ýolbaşçylyk edip bilýärler.

Toparyň düzümine daýhan birleşiginden, döwlet maldarçylyk hojalygyndan wekilleri goşmak bilen öri meýdanlaryny peýdalanyjylar we kärendeçiler, öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiginiň, çekenäniň wekilleri, beýleki mal eýeleri, öri meýdanlaryny peýdalanýan ýerli birleşigiň wekilleri, şeýle hem ygtyýarlandyrylan edaranyň wekili, ýer serişdelerini dolandyrmak boýunça ygtyýarlandyrylan döwlet edarasynyň, etrap derejesindäki ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri girip bilerler.

3. Toparyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) öri meýdanlaryny dolandyrmagyň gündelik we uzakmöhletleýin meýilnamalaryny taýýarlamak;

2) öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin hünärmenleri çekmek;

3) degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjynyň çäginde öri meýdanlaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly jedelleri çözmek.

4. Toparyň kabul eden çözgütleri, degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň çözgütleri bilen ýerine ýetirilýär.

5. Topar barada birkysmy Düzgünnama ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

Her bir topar barada Düzgünnama degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň çözgüdi bilen tassyklanylýar.

26-njy madda. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamalary

1. Öri meýdanlaryny peýdalanmak öri meýdanlaryny dolandyrmagyň gündelik we uzakmöhletleýin meýilnamalary esasynda amala aşyrylýar.

2. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamalary Topar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň çözgüdi bilen kabul edilýär.

3. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasynda şu aşakdakylar göz öňünde tutulýar:

1) öri meýdanlarynyň ýerleşişi, degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjylar barada maglumatlar, Türkmenistanyň tokaý gaznasynyň peýdalanylýan öri meýdan ýerleri, öri meýdan hökmünde berlen beýleki toparlara degişli ýerler, mal sürlüp geçirilýän ýollar, suwa ýakylýan ýerler hem-de beýleki öri meýdan düzümine girýän obýektler, peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň bölekleriniň ýagdaýy we hili kesgitlenilen kartalar we çyzgylar;

2) öri meýdanlaryny möwsümleýin peýdalanmagyň, öri meýdan dolanyşygynyň, mal sürüleriniň hereket etmeginiň meseleleri, şeýle hem öri meýdanlaryny gowulandyrmak, ot örtüginiň zaýalanmagynyň we suw çeşmelerine zeper ýetirilmeginiň öňüni almak maksady bilen meýilleşdirilýän çäreler;

3) öri meýdan düzümine girýän obýektleri dikeltmegiň we ösdürmegiň meýilnamalary;

4) öri meýdanlaryny başga maksatlar üçin peýdalanmagyň çäreleri.

4. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamalary Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň meýilnamalarynyň esasynda işlenip taýýarlanylýar we işlenip taýýarlanylanda degişli çäklerdäki mallary bakmagyň däpleri nazara alynýar.

5. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamalary degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjynyň çäginde ýerleşýän öri meýdanlaryna, öri meýdanlarynyň ähli kärendeçileriniň deň elýeterliligini göz öňünde tutýarlar.

6. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi hökmany häsiýete eýedir.

7. Öri meýdanlaryny dolandyrmagyň birkysmy meýilnamasy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

27-nji madda. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesi

1. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleri kärendesine şu aşakdakylar tarapyndan berilýär:

1) ýer meseleleri boýunça toparyň çözgüdi esasynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary;

2) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň peýdalanyjylary — daýhan birleşikleri, döwlet maldarçylyk hojalyklary we Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahslary.

2. Öri meýdanlarynyň kärende hukuga eýe bolan Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, şol sanda çekene we beýleki mal eýeleri öri meýdanlarynyň kärendeçileri bolup durýarlar.

3. Öri meýdanlarynyň kärendesine bolan hukuk öri meýdanlarynyň kärendesiniň şertnamasy bar bolan ýagdaýynda ýüze çykýar.

28-nji madda. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamasy

1. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar.

2. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamasynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) mal bakylýan öri meýdanlarynyň ýerleşiş çyzgysy;

2) mallaryň görnüşi we baş sany;

3) öri meýdanlaryny peýdalanmagyň möhletleri;

4) kärende töleginiň möçberi we ony tölemegiň tertibi;

5) öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly taraplaryň borçlary;

6) şertnamanyň şertleriniň bozulandygy üçin taraplaryň jogapkärçiliginiň çäreleri;

7) taraplaryň ylalaşmagy boýunça beýleki şertler.

3. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamasy öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasy esasynda baglaşylýar.

4. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamasy mal bakmaga rugsatnama bermek üçin esas bolup durýar.

5. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň birkysmy şertnamasy ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.

29-njy madda. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň möhletleri

1. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň möhletleri öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärende şertnamasy on ýyla çenli döwre baglaşylýar.

30-njy madda. Öri meýdanlarynyň kärendeçileriniň hukuklary we borçlary

1. Öri meýdanlarynyň kärendeçileriniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) özbaşdak esasda, şeýle hem bilelеşik esasda çekenä we beýleki öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerine birleşmek ýoly bilen mal bakmaga;

2) öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň arasynda baglaşylan, öri meýdanlaryny dolandyrmagyň meýilnamasyna we peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň kärendesiniň şertnamalaryna laýyklykda, beýleki dolandyryş-çäk düzümleriniň çäklerinde ýerleşýän (welaýatlaryň, etraplaryň we geňeşlikleriň) öri meýdanlaryny goşmak bilen, beýleki öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň öri meýdanlarynda mal bakmaga;

3) şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän tertipde we şertlerde öri meýdanlaryny peýdalanyjylaryň birleşiklerini döretmäge.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilenlerden başga, öri meýdanlaryny başga maksatlar üçin peýdalanmaga, degişli öri meýdanlaryny peýdalanyjy tarapyndan berilýän rugsatnama esasynda ýol berilýär. Bu ýagdaýda öri meýdanlaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar, şonuň ýaly hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Öri meýdanlarynyň kärendeçileri şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) mal bakmagyň kadalaryny we düzgünlerini berjaý etmäge;

2) özlerine berkidilen öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmaga, rugsatsyz peýdalanylmagyndan we öri meýdanlaryny peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň beýleki bozulmalaryndan olaryň goragyny üpjün etmäge;

3) öri meýdanlaryny gorap saklamak we gowulandyrmak, ýel we suw ýuwulmasyna (eroziýasyna), çölleşmäge garşy göreşmek boýunça çäreleri geçirmäge, suw çeşmeleriniň gurluşygyny we durkunyň täzelenmegini, öri meýdan dolanyşygyny berjaý etmäge, şeýle hem öri meýdanlarynyň zaýalanmagyna ýol bermezlige;

4) öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin kärende töleglerini öz wagtynda geçirmäge;

5) öri meýdanlaryny peýdalanyjylara we beýleki kärendeçilere özleriniň ýetiren zyýanynyň öwezini, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolmaga.

4. Öri meýdanlarynyň kärendeçileri öri meýdanlarynyň kärendesiniň şertnamalaryna laýyklykda beýleki hukuklara eýe bolup we beýleki borçlary çekip bilerler.

31-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin töleg

1. Türkmenistanda öri meýdanlar tölegli esasda peýdalanylýar.

2. Öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin töleg şu Kanuna laýyklykda ýuridik we fiziki şahslardan alynýar.

3. Öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin tölegi malyň dürli görnüşliligine, olaryň baş sanyna baglylykda, şu Kanunyň 9-njy maddasynda bellenen öri meýdanlarynyň toparlara bölünilişine laýyklykda alynýar.

4. Öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin tölegi kesgitlenilende öri meýdanlarynyň peýdalanylşyny düzgünleşdirmek boýunça toparyň teklipleri hasaba alynýar. Öri meýdanlaryny peýdalanandygy üçin tölegiň möçberi we olary almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

5. Öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin tölegler Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmäge degişlidir.

6. Öri meýdanlaryny peýdalanylandygy üçin töleglerinden Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowşan serişdeler, peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň ýerleşýän ýerleri boýunça degişli ýerli býujetlere geçirilýär we diňe maksatlaýyn bellenilişi boýunça, ýagny öri meýdanlaryny gowulandyrmaga, şeýle hem öri meýdan düzümine girýän obýektleri ösdürmäge ulanylýar.

32-nji madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak babatda kadalar

1. Mal bakmaklyk öri meýdanlaryndan peýdalanmak babatda bellenilýän kadalaryny berjaý etmek bilen olaryň toparlaryna, şeýle hem öri meýdanynyň belli bir böleginde bakylýan mallaryň dürli görnüşliligine we baş sanyna baglylykda öri meýdanlaryň göterijilik sygym mümkinçiligi esasynda amala aşyrylýar.

2. Öri meýdanlarynyň degişli toparlarynda mal bakmagyň kadalary öri meýdanlaryny tükellemegiň we geçirilen geobotaniki barlaglaryň materiallarynyň esasynda kesgitlenilýär we tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan bellenilýär.

3. Öri meýdanlarynyň ýagdaýyna zyýanly täsir etmegiň bellenilen aňryçäk rugsat edilen kadalaryny artdyrandygy üçin Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary, olar tarapyndan ýetirilen zyýana baglylykda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

IV BAP. ÖRI MEÝDANLARYNY GORAMAK WE GOWULANDYRMAK

33-nji madda. Öri meýdanlaryny goramak

1. Öri meýdanlaryny goramak öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmaga we gowulandyrmaga, öri meýdanlarynyň serişde potensialyny we önümliligini gorap saklamaga gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady we beýleki çäreleriň ulgamyny öz içine alýar.

2. Öri meýdanlaryny goramak ygtyýarlandyrylan edara we onuň ýerlerdäki bölümleri, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, öri meýdanlaryny peýdalanyjylar hem-de kärendeçiler tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Öri meýdanlarynyň goragy şu aşakdakylar arkaly üpjün edilýär:

1) öri meýdanlaryny peýdalanmak babatda düzgünleriň we kadalaryň bellenilmegi;

2) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň peýdalanylmagyna çäklendirmeleriň we gadagan etmeleriň bellenilmegi;

3) öri meýdanlarynyň rugsatsyz peýdalanylmagynyň we öri meýdanlaryny peýdalanmagyň bellenilen tertibiniň beýleki bozulmalarynyň duýdurylmagy we öňüniň alynmagy;

4) peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň döwlet monitoringiniň geçirilmegi, öri meýdanlarynyň peýdalanylyşyna we goralyşyna döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;

5) öri meýdanlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny bozandygy üçin ýuridik we fiziki şahslaryň jogapkärçiliginiň bellenilmegi;

6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öri meýdanlaryny goramak boýunça beýleki çäreleriň görülmegi.

34-nji madda. Öri meýdanlaryny gowulandyrmak boýunça çäreler

1. Öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, öri meýdanlarynyň serişde mümkinçiligini we önümliligini dikeltmek, şol sanda topragyň önümliligini, öri meýdanlarynyň ösümlikleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwlulandyrmak boýunça we beýleki çäreler geçirilýär.

2. Öri meýdanlaryny gowulandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyny ygtyýarlandyrylan edara, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylar we kärendeçiler üpjün edýärler.

3. Öri meýdanlaryny gowulandyrmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

35-nji madda. Öri meýdanlary we suw çeşmeleri peýdalanylan ýagdaýynda ekologik we weterinariýa-sanitariýa talaplary

1. Öri meýdanlaryny peýdalanan ýagdaýynda Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary şu aşakdaky talaplary berjaý etmäge borçludyrlar:

1) tebigaty goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenen;

2) öri meýdanlarynyň we suw çeşmeleriniň sanitariýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky;

3) mallar üçin suw çeşmelerini weterinariýa-sanitariýa talaplaryna laýyklykda saklanylmagyna bolan talaplary.

2. Ekologik gözegçilik tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

Şu maddanyň 1-nji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilişine weterinariýa-sanitariýa gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

36-njy madda. Öri meýdanlaryny peýdalanmak we öri meýdan hojalygyny ýöretmek bilen bagly bolmadyk işleri geçirmegiň tertibi

Öri meýdanlarynyň çäginde gurluşyk işleriniň geçirilmegi, umumy ýaýran gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň gazylyp çykarylmagy, kommunikasiýalaryň geçirilmegi we öri meýdanlaryny peýdalanmak hem-de öri meýdan hojalygyny ýöretmek bilen bagly bolmadyk başga işleriň geçirilmegi, döwlet ekologiýa seljermesiniň oňyn netijenamasy bolan ýagdaýynda degişli edaralaryň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.

37-nji madda. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň goragyny üpjün etmäge gatnaşmagy

1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri peýdalanylýan öri meýdan ýerleriniň goragyny üpjün etmäge şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda gatnaşýarlar.

2. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gönüden-göni özleri ýa-da öz wekiliniň üsti bilen öri meýdanlarynyň ýagdaýy barada hakyky maglumatlary almaga hukuklary bardyr.

3. Her bir raýatyň gönüden-göni özüniň ýa-da öz wekiliniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň üsti bilen ýa-da başga ýollar arkaly öri meýdanlaryny peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça döwlet edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan kabul edilýän çözgütleri taýýarlamaga we ýerine ýetirmäge, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga hukugy bardyr.

4. Döwlet edaralary we wezipeli adamlar şu maddanyň 1-nji we 3-nji bölekler

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru