Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Ahal welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

16:3013.08.2015
0
2227

12-nji awgustda «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Ahal welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 24 ýyllygy mynasybetli zehinli ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň bu tapgyry Baharly etrabynyň Arçman obasynyň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Oňa welaýatyň dürli etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen aýdym-saz sungaty boýunça zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar gezekli-gezegine sahna çykyp, olaryň her biri iki aýdym bilen çykyş etdi. Bäsleşikde Ýagşymyrat Annadurdyýew bilen Begler Nurberdiýew öňe saýlanyp, «Ýaňlan, Diýarym!» — 2015 bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynyň ýeňijileri boldular hem-de döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň