Türkmenistanyň Prezidenti Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlady

0
607
2
0

Berkarar Watanymyzyň merdana serhetçileri!

Sizi Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Eziz Diýarymyzyň gaýduwsyz serhetçileri!

Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siz mertligiň, Watana wepalylygyň, harby ussatlygyň ýoluny geçip, ýokary derejede taplandyňyz, kämilleşdiňiz we ata-babalarymyzyň arzuwlan özbaşdak türkmen döwletiniň milli serhet goşunlarynyň esasyny düzdüňiz. Mert ýigitleriň gulluk edýän mizemez goşuny bolan ýurdumyzyň Serhet goşunlary döwrüň talabyna laýyk kämilleşip, eziz Watanymyzyň polat galkanyna öwrüldi. Siz uzak ýyllaryň dowamynda eziz Watanymyzyň dost-doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün edip, halkymyzyň guwanjyna öwrüldiňiz. Milli emeli hemrasy bolan döwletleriň sanawyna goşulan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine, parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň berkemegine uly goşant goşup, il-günümiziň hormatyna mynasyp bolduňyz. Çünki Watana, halka wepaly gulluk etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Watana, harby borjuna wepaly, gaýduwsyz ýurt goragçylarynyň kämilleşmeginde harby-watançylyk terbiýesiniň, «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerimiziň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Biziň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga we ynsanperwerlige esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzy goşun hatarlarynda gulluk edýän esgerlere düşündirmek we netijede, watansöýüji esgerleri terbiýelemek her bir serkerdäniň borjudyr.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň syýasy-ynsanperwerlik, beden, taktiki we söweşjeň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagyň berkarar döwletimiziň araçäkleriniň mizemezligini, eldegrilmesizligini üpjün etmekde häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridigine siz oňat düşünmelisiňiz we bu ugurda zerur işleri geçirmäge aýratyn üns bermelisiňiz.

Garaşsyz ýurdumyzyň merdana serhetçileri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlar boýunça gülläp ösmegini, asudalygyny hem-de ygtybarly goragyny, aýratyn hem Döwlet serhetlerimiziň eldegrilmesizligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Bitaraplygymyzyň şanly 20 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň gaýtadan kabul edilmegi biziň döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň bütin dünýäde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Watanymyzyň dost-doganlyk serhetleriniň goragy üpjün edilende hem bu çözgütden gelip çykýan wezipelerden ugur alynmalydyr.

Beýik ösüşleri nazarlap barýan eziz Diýarymyzyň daşynyň polat galasy bolan serhet goşunlarymyzyň öňünde goýlan örän möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli berjaý etmekde öz käriniň ussatlary bolan hünärmenleri taýýarlamaga hem biz aýratyn üns berýäris. Türkmenistanyň Serhet institutynyň döredilmegi, bu ýokary harby okuw mekdebiniň ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen täze binalar toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen, bu ýerde öz işine ezber, wezipesine doly düşünýän serhetçi serkerdeleriň täze ýaş nesli kemala gelýär. Olar serhedi goramagyň usullaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp, häzirki zamanyň çylşyrymly, kämil harby tehnikalaryny, enjamlaryny başarjaňlyk bilen dolandyrýarlar we döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün edýärler.

Berkarar Watanymyzyň edermen serhetçileri!

Watany goramak mukaddes borçdur. Şol mukaddes borjy ilatly ýerlerden has uzaklarda, dürli tebigy şertlerde berjaý edýän serhetçileriň gulluklary nusga alarlykdyr. Olara döwlet tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem serhetçileriň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze, döwrebap serhet galalaryny, harby gullukçylar üçin ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki gulluk hem-de durmuş ähmiýetli desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga bermegi, häzirki zamanyň iň kämil, öňdebaryjy harby tehnikalaryny, enjamlaryny yzygiderli satyn almagy biz mundan beýläk hem dowam ederis.

Berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetlerinde asudalygyň üpjün edilmegi ugrunda siziň her biriňiziň bilimiňizi, ukyp-başarnygyňyzy, gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, ýurdumyzyň hemişe parahat we abadan bolmagy üçin, zerur bolsa, şirin janyňyzy hem aýamajakdygyňyza berk ynanýaryn!

Eziz Watanymyzyň edermen serhetçileri!

Sizi ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenýän Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 23 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, dost-doganlyk serhetlerimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru