Türkmenistanly ýaşlardan ybarat bolan uly topar Hytaý Halk Respublikasynda boldy

0
316
0
0

2—6-njy awgust aralygynda türkmenistanly ýaşlardan ybarat bolan uly topar HHR-iň Ählihalk ýaşlar federasiýasynyň çagyrmagy boýunça Hytaý Halk Respublikasynda boldy. Toparyň düzüminde türkmenistanly ýaşlar — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýaşlar syýasaty bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, telekeçiler, medeniýet we sungat işgärleri, ylym-bilim işgärleri hem-de žurnalistler bar. Bu dostlukly duşuşygyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri bilen utgaşmagy ýakymly sazlaşyk döretdi.

Saparyň ilkinji güni Pekin şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihalk ýaşlar federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Federasiýanyň Merkezi geňeşiniň sekretary Sýuý Sýao myhmanlary ýaşlar federasiýasynyň işi, hytaýly ýaşlaryň durmuşy bilen tanyşdyrdy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we ýaşlar bilen işleşýän beýleki düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada çykyş etdi. Bu ýerde durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşlykdan soňra ildeşlerimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli ýaşlar syýasaty we onuň çäklerinde durmuşa geçirilýän uly işler, döredilýän giň mümkinçilikler barada gürrüň berdiler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň durmuşa geçirýän işleri bilen tanyşdyrdylar.

 Saparyň barşynda guralan tanyşlyk çärelerinde çykyş edenler döredilen şeýle mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň hormatly döwlet Baştutanlaryna alkyşlaryny beýan etdiler. Hytaýly ýaşlar türkmenistanly deň-duşlaryna sungatdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Dabaraly çykyşlardan soň, iki döwletiň arasyndaky dostlugyň hem-de birek-birege hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Magtymguly Pyragynyň hytaý diline terjime edilen ajaýyp eserleriniň bolmagy has-da guwandyryjydyr. Saparyň tutuş dowamynda türkmen we hytaý ýaşlary özara söhbetdeş bolup, birek-birek bilen pikir alyşdylar, medeniýetleri bilen içgin tanyşdyrdylar hem-de barha rowaçlanýan dostlugyň nyşany hökmünde bilelikde surata düşdüler.

Beýik hytaý akyldary Konfusiniň bellemegine görä, uzakdaky dost bilen duşuşyk iň uly şatlykdyr. Şeýle duşuşyklaryň biri HHR-iň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Onda ministrligiň maslahatçysy Wu Lýanwen hem-de türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama we Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň 2014—2018-nji ýyllar üçin Ösüş meýilnamasy kabul edildi hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar ýola goýlandan bäri geçen 23 ýylyň içinde uly üstünliklere beslendi. Iki ýurtda geçirilýän dürli halkara çärelere, şol sanda maslahatlara, festiwallara, duşuşyklara, sergilere we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin wekiliýetler yzygiderli alşylýar. Şu saparyň mysalyndan mälim bolşy ýaly, ýaşlaryň dostluk gatnaşyklary hem däbe öwrülýär.

Ildeşlerimiz ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Türkmenistanyň Mejlisinde ýaşlar bilen bagly bölümleriň döredilmegi ýaly giň gerimli işler, olaryň netijeleri bilen hem tanyşdyrdylar.

Türkmen ýaşlaryndan ybarat topar Pekin, Urumçi şäherleriniň meşhur taryhy ýerlerine, gözel tebigatyna, şol sanda XV asyryň birinji ýarymyna degişli Imperator köşgi toplumyna hem-de Beýik Hytaý diwaryna aýlanyp gördi. Bu gyzykly syýahat türkmen-hytaý dostlugynyň örän gadymy kökleriniň bardygyna ýene bir ýola ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Türkmen wekiliýeti bilen Hytaý döwletiniň kuwwatly ykdysady merkezleriniň biri bolan Sinszýan welaýatynda, esasan-da, onuň Urumçi şäherinde netijeli duşuşyklar guraldy. Ildeşlerimiz Urumçi şäheriniň gözel ýerlerine, Týan-şan daglarynyň Asman kölüne, tehniki-ykdysady ösüş zolagyna, şeýle-de Sinszýanda iri «TBEA» korporasiýasyna baryp gördüler.

Meýilnama boýunça geçirilen her bir çäre iki ýurduň ýaşlaryny jebisleşdirip, dostlaşdyryp, olaryň birek-biregi gowy tanamagy, pikir alyşmagy üçin şert döretdi. Dürli kärde zähmet çekýän türkmen ýaşlary daşary döwletlerde ýurdumyza wekilçilik edýändiklerine buýsanýarlar hem-de özleri üçin döredilýän şeýle şertler, edilýän aladalar üçin Türkmenistanyň Prezidentine köp sagbolsun aýdýarlar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru