Türkmenistanyň Prezidenti iri türk işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy

0
730
0
0

6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň barşynda iri türk işewürliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. 

Türkmenistanyň Baştutanynyň dostlukly ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen şu duşuşygynyň geçirilmegi köptaraply söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda guralýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Bu duşuşyk türk telekeçileriniň haýyşy boýunça guraldy we ýokarda agzalyp geçilen maýa goýum forumynyň dowamy boldy. 

... “Çiragan Palace” myhmanhanasynyň “Dabaralar” zalyna diňe bir Türkiýäniň esasy  kompaniýalarynyň däl, eýsem, Ýewropanyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň giň düzümi okgunly ösýän Türkmenistana gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen salamlaşyp, türkiýeli işewürler bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türkiýäniň Premýer-ministri Ahmet Dawutoglunyň adyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Türkmenistan bilen Türkiýäni köp asyrlaryň dowamynda alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär diýip, döwlet Baştutany belledi. Bu bolsa, häzirki taryhy döwürde ýokary depginler bilen ösýän köp taraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin gowy esas bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. 

Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirýän Bitarap döwletdir. Biziň ýurdumyz Milletler Bileleşigi tarapyndan 1995-nji ýylda berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanyp, seçip alan ýoluna yzygiderli eýerýär we döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri sebitde we  dünýäde howpsuzlygy, durnuklylygy, ähli döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şu ýyl biziň ýurdumyz Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 20 ýyllygyny giňden belleýär. Bu dereje şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasy bilen ýene-de bir gezek tassyklanyldy. Bu şanly sene mynasybetli dekabr aýynda baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we ýygnananlaryň ählisini öňümizdäki çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanda örän köp möçberlerde bar bolan tebigy serişdeler, ilkinji nobatda bolsa, uglewodorod serişdeleri özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we alnyp barylýan «açyk gapylar» syýasatynyň hem möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Ýurdumyzyň gündogarynda “Galkynyş” käniniň açylmagy türkmen topragynyň ägirt uly ýerasty baýlyklaryna eýedigini tassyklady. Garaşsyz halkara auditiň netijeleri boýunça bu kän dünýäde ikinji orunda durýar diýlip ykrar edildi. Bu ýerdäki tebigy gazyň gorlary 26,2 trillion kub metre barabardyr.

Türkmenistan dünýä derejesinde energetika döwleti bolmak bilen we uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly kuwwatyna eýe bolup, ony bütin adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy möçberde abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze, köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek hem-de ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başyny başlan taslamalary  şuňa gönükdirilendir.

2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakyndaky Rezolýusiýalary bu babatda möhüm waka boldy.  

Döwlet Baştutany umumy uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi barada aýratyn durup geçdi. Bu gaz geçirijisi Aziýa sebitiniň döwletleriniň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr we umuman, ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Owganystanyň ykdysady we durmuş düzümini dikeltmek üçin bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belledi. Deslapky hasaplamalara görä, taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde goňşy ýurtda täze iş orunlarynyň 12 müňden gowragy dörediler.

TOPH  taslamany durmuşa geçirmäge bütin dünýäde meşhur kompaniýalaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler diýip, döwlet Baştutany aýtdy we türk kompaniýalaryny hem çagyrdy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn milli maksatnamalaryň 23-si, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy”, Türkmenistany toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy, şeýle hem ykdysadyýeti dolulygyna döwrebaplaşdyrmaga, ösen senagatyň kuwwatly üpjünçilik ulgamyny döretmäge, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylýar. Göz öňünde tutulan işleriň köp bölegi öz serişdelerimiziň hasabyna amala aşyrylýar.

Bu maksatnamalaryň çäklerinde taslamalary durmuşa geçirmäge türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýän türk kompaniýalary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ilkinjileri az möçberdäki maýa serişdelerini goýmakdan başlap we köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda işläp, uly girdejilerden başga-da, giň meşhurlyga eýe boldular.

Biz ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleri amala aşyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýäris. Şoňa görä-de, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we dünýäniň iň oňat tejribesini çekmäge uly üns berýäris. Özi hem, bu ugurda telekeçilik derejesinde biziň hyzmatdaşlyk etmegimiz üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi barada durup geçip, Türkmenistanda häzirki döwürde makroykdysady ýagdaýyň durnukly we ýokary depginli ösýändigi bilen häsiýetlenýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanýar. Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 109,1 göterime barabar boldy.  Bütindünýä Pul gaznasynyň bilermenleri ýurdumyzdaky makroykdysady ýagdaýa durnukly we öňden görüp      bolýan, ösüşiniň amatly boljakdygyna ynam döredýän ýagdaý hökmünde baha berýärler.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, dürli ugurlarda, şol sanda kanun çykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ýurdumyzda maýa goýum ýagdaýynyň has-da özüne çekiji we daşary ýurtly maýadarlar üçin goragly bolmagyny üpjün edýändigini belledi. Hususan-da, 2014-nji ýylda ýurdumyzda 15 milliard 700 million amerikan dollaryna barabar bolan maýa goýumlary özleşdirildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda geljegi uly bolan köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. Dokma senagaty innowasion ösüşiň     mysaly bolup biler diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu pudakda türk kompaniýalary bilen bilelikde birnäçe häzirki zaman önümçilik kärhanalary gurlandygyny belledi. Ýurdumyz boýunça birnäçe dokma toplumlarynyň, pagta egriji fabrikleriň, tikin kärhanalarynyň, gön zawodynyň durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak  hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda şeýle hem oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Täze maldarçylyk toplumlaryny gurmak, ekerançylyk tejribesine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenistanyň strategiki meýilnamalarynda energetika pudagy aýratyn orun eýeleýär. Bu pudagyň kuwwatlygy bize elektrik energiýasyny köp möçberde eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy, lukmançylyk, bilim we maglumat hyzmatlary bilen üpjün etmek ýaly ýaşaýyş-durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmak işi dowam etdiriler.

Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ýöne bir aýratyn desgalar däl, eýsem tutuş toplumlar gurulýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şeýlelik bilen, iri ýaşaýyş jaý toplumlary, dolandyryş merkezleri, sport we medeniýet şäherçeleri, senagat zolaklary peýda bolýar.

Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmek baradaky milli maksatnamamyza   laýyklykda 2015-nji ýylda ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň ençemesini, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň desgalaryny, bilim we medeniýet edaralaryny gurmak göz öňünde tutulýar diýip, Prezident belledi we türkiýeli hyzmatdaşlaryň şu maksatnamanyň giň gerimli taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Onlarça suw arassalaýjy we lagym geçiriji desgalary, köp müň kilometrlere uzap gidýän suw geçirijileri, awtomobil ýollaryny, gaz ulgamlaryny, elektrik energiýasyny geçirijileri we kommunikasiýa ulgamlaryny gurmak göz öňünde tutulýar.

Ulag kommunikasiýalary hem biziň türkiýeli işewürler bilen maýa goýumlary meselesinde hyzmatdaşlyk etmek üçin häzirki döwürde örän möhüm ugur bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Geografiki we geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän – Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedigini bellemelidiris. Ýurdumyz şol kuwwatdan has doly peýdalanmaga çalyşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, onuň multimodal gatnawlaryň sebit utgaşdyrmasyny üpjün edýän iri logistiki merkezleriniň döredilmegine ýardam edýän milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde «Aşgabat–Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy, «Demirgazyk–Günorta» transmilli geçelgesiniň – «Gazagystan–Türkmenistan–Eýran» demir ýolunyň açylmagy ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda halkara derejesinde üstaşyr geçirmegiň möçberlerini artdyrmaga ýardam berer.

Mundan başga-da, häzirki wagtda iri taslamalaryň üstünde işjeň işlenilýär. Olaryň hatarynda Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman, Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag-üstaşyr geçelgeleri bar. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy başlandy. Munuň özi geljekde sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysadyýetleriniň umumy dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etmelidir. Bu bolsa, bütin kontinentde ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň iri ulgamlarynyň utgaşykly we sazlaşykly hereket etmegini  guramakda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Biziň ykdysadyýetimiziň himiýa pudagy hem düýpli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin örän amatly pudakdyr. Türkmenistan nebiti we tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, olaryň gaýtadan işlenen önümleriniň paýynyň eksportdaky möçberini artdyrmaga aýratyn üns berip, diňe bir ilkinji energiýa serişdeler bazarynda eýeleýän ornuny ep-esli giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, himiýa önümleriniň has girdejili bazarynda mynasyp orun eýelär.  

Bu pudagy ösdürmek boýunça meýilnamalara laýyklykda, Balkanabatdaky ýod zawodynyň Boýadag we Uzboý şahamçalarynda, Hazar şäheriniň himiýa zawodynda tehniki ýody, bromy we brom önümlerini öndürmek boýunça desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, Balkanabatdaky ýod zawodynyň Uzboý şahamçasynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek boýunça zawody, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor kislotasyny we ammofosfat öndürmek boýunça  önümhanalary gurmak meýilleşdirilýär.

Garabogaz aýlagynyň gidromineral serişdelerini özleşdirmek, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän kaliý duzlarynyň Garabil känini işläp geçmek hem meýilleşdirilýär. Marydaky ammiak selitrasyny öndürýän zawodyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek hem bellenildi. Bu taslamalaryň ählisi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, dünýä bazarynda öz ornumyzy eýelemäge gönükdirilendir diýip, türkmen Lideri nygtady.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda daşary ýurt maýa    goýumlarynyň, şol sanda meşhur ýapon we koreý kompaniýalarynyň   gatnaşmagynda birnäçe senagat desgalary gurlar. Şolaryň hatarynda tebigy gazy gaýtadan işläp, suwuk ýangyja öwürýän zawody, polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny, natriniň sulfatyny we sintetiki ýuwujy serişdeleri öndürmek boýunça zawody, ugurdaş gazdan sintetiki nebiti öndürmek boýunça kärhanany we beýleki kärhanalary mysal getirmek bolar.

Hytaý Halk Respublikasynyň iri kompaniýalary hem ýangyç-energetika ulgamyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly maýa serişdelerini goýýarlar.

Türkmenistan öz energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazaryna çykarmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar diýip, milletiň Lideri nygtady. Türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň taslamasyny durmuşa geçirmek meselesini çözmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Telekeçiler üçin has amatly şertleri döretmek döwletimiziň ykdysady syýasatda öňde goýýan esasy maksatlarynyň biridir. Döwletimiz işewürleriň ykdysadyýeti durnukly ösdürmäge ukyply bolmagyny maksat edinýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

 Häzirki döwürde türkmen işewürleri bilelikdäki kärhanalary döretmäge we öňdebaryjy tejribäni özleşdirmäge uly isleg bildirýär. Biziň ýurdumyzyň işewürleri türk kompaniýalary bilen bilelikde işlemegiň oňyn tejribesini topladylar. Şunuň bilen birlikde, türkmen işewürleriniň wekilleriniň daşarky bazarda öz önümlerini we hyzmatlaryny, şol sanda gurluşyk pudagyna degişli önümleri we hyzmatlary öňe çykarmak üçin köp mümkinçilikleri bar.

Biziň ýurdumyzda, daşary ýurtlarda, şol sanda Türkiýede hem Türkmenistan tarapyndan guralýan, şu günki ýaly wekilçilikli      duşuşyklar bu işleriň rowaçlanmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Bir söz bilen aýtsak, biz uly işleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy we öňümizde duran wezipeleri ýurtlarymyzyň işewür toparlarynyň işjeň we gönüden-göni gatnaşmagynda üstünlikli ýerine ýetirip boljakdygyna ynam  bildirdi.

Ähli işleriň esasy wezipäni ýerine ýetirmäge – halklarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş -durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, türkmen Lideri belledi. Şol bir wagtyň özünde hem, bu wezipe biziň ýurtlarymyzy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça milli strategiýanyň esasy maksady bolup durýar. Synaglardan geçen hyzmatdaşlarymyz – türk doganlarymyz bilen biz bu belent maksada ýetmek üçin ynamly öňe gideris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Döwlet Baştutany Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekillerini Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyryp, işe jogapkärli çemeleşilende, işewürlere uly üstünligiň garaşýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Bu duşuşyk netijeli işjeň  hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns berlip diňlenildi we şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Açyklyk we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy kompaniýalaryň ýolbaşçylary iri türk işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklap, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ösdürmäge degişli anyk teklipleri beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalar birleşiginiň başlygy foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan belent mertebeli myhmana ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada edilen açyk gürrüňdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru