Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

0
575
0
0

30-njy iýulda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeşleriň agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň işgärleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Milli saýlaw kanunçylygyna laýyklykda 16-njy awgustda geçiriljek saýlawlar bilen baglylykda ähli ýerlerde ýaýbaňlandyrylan saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry—Geňeşleriň agzalygyna hem-de milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak möwsümi tamamlandy. Welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynda bellenilişi ýaly, häzirki güne çenli Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 6041 saýlaw okrugyndan ýurdumyz boýunça jemi 13528 dalaşgär, şol sanda Ahal welaýatynyň 973 saýlaw okrugy boýunça 2017, Balkan welaýatynyň 413 saýlaw okrugy boýunça 895, Daşoguz welaýatynyň 1416 saýlaw okrugy boýunça 3324, Lebap welaýatynyň 1449 saýlaw okrugy boýunça 3485, Mary welaýatynyň 1790 saýlaw okrugy boýunça 3807 dalaşgär bellige alyndy. Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynyň her birinden 2 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärler baradaky maglumatlar ýerli metbugatda çap edildi.

Geňeşleriň agzalygyna we milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň hatarynda oba hojalyk işgärleri, bilim, ylym we medeniýet, maliýe-ykdysady ulgamlaryň wekilleri, saglygy goraýyş hem-de durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň – senagat, gurluşyk,    aragatnaşyk ulgamlarynyň işgärleri bar. Olaryň köpüsi syýasy partiýalara we jemgyýetçilik birleşiklerine wekilçilik edýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy boýunça   2939 adam, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy boýunça 525 adam, Türkmenistanyň Agrar partiýasy boýunça  1248 adam, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary boýunça 3971 adam, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy boýunça 1105 adam, Zenanlar birleşigi boýunça 1548 adam, raýatlar toparlary tarapyndan 2192 adam hödürlendi. Şeýlelikde, halkymyzyň durmuşyndaky möhüm meseleleri çözmäge raýat jemgyýetiniň ähli edaralarynyň işjeň gatnaşmagy üpjün edilýär.

Welaýat we Aşgabat  şäher saýlaw toparlarynyň wekilleriniň aýratyn nygtaýşy ýaly, dalaşgärleri hödürlemek çäresi ilatyň ýokary raýat işjeňligi we ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Munuň şeýle bolmagyna köp babatda ýerlerde geçirilen uly guramaçylyk işleri ýardam etdi. Saýlaw okruglarynyň ählisinde bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenildi. Munuň özi saýlawlaryň bäsleşik ýörelgelerine doly laýyk gelýär.

Dalaşgärleriň ählisine we olaryň ynanylan adamlaryna wagyz  çärelerini geçirmekde —häzirki  wagtda ähli ýerlerde geçirilýän saýlawlaryň öňýanyndaky ýygnaklarda, maslahatlarda hem-de mejlislerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmekde deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Şeýle duşuşyklary guramak dalaşgärleri hödürlän guramalaryň, saýlaw toparlarynyň üstüne ýüklenildi. Olar bu duşuşyklary ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalaryň, edaralaryň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirýärler.

Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Merkezi saýlaw toparynyň meýilnamasynda  göz öňünde tutulan esasy çärelerden başga-da, saýlaw toparlary raýatlarymyzy gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça zerur maslahatlary berýärler, olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki  türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak,  döwletimizde hakyky halk häkimiýet ýörelgelerini pugtalandyrmak  baradaky oňyn syýasatyny durmuşa geçirmek  maksady bilen ornaşdyrylan täze saýlaw ulgamynyň artykmaçlyklaryny düşündirýärler.

Mejlisiň çäklerinde syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we guramalaryndan milli synçylaryň hasabatlary hem diňlenildi. Olar häzirki wagtda saýlawlaryň öňýanynda geçirilýän işlere syn edýärler. Bellenilişi ýaly,  saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary milli kanunçylyga laýyklykda geçirilýär. 

Mundan başga-da, Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlar gününde  ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek Türkmenistanyň raýatlary üçin möhletinden öň—saýlawlaryň resmi senesinden 10 gün öň ses bermegi geçirmek barada çözgüt kabul edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru