Amerikan indeýleriniň tans topary Türkmenistana sapar edýär

0
690
0
0

Zuni tansçylar topary 1983-nji ýylda häzirki ýolbaşçy Fernando Sellisionyň kakasy Rodjer Sellision tarapyndan Zuni medeniýeti barada bilimlerini nesilden-nesile geçirmek hem-de saklamak üçin esaslandyryldy. Basym ol iň köp sapar edýän Amerikan indeýleriniň professional tans toparlarynyň birine öwrüldi. Özleriniň Zuni aýdymlary we tanslary arkaly dünýäde tanalýan bu topar Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Günorta Okeýaniýanyň 32 sany döwletinde çykyş etdi.

Türkmenistanda Zuni tansçylary köpçülik üçin açyk konsertler we amaly sapaklar bilen çykyş ederler. Mundan başga-da, olar LINE arkaly ABŞ-nyň ilçihanasynyň dostlary bilen söhbetdeş bolarlar. Ähli çärelere giriş tölegsiz we hemmeler üçin açykdyr.

Sişenbe güni, 7-nji iýul

16:00 – Göni ýaýlymda LINE arkaly ABŞ-nyň ilçihanasynyň dostlary bilen söhbetdeşlik
18:00 – ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat-serişdeler merkezinde tanyşdyrma we amaly sapak

Çarşenbe güni, 8-nji iýul

18:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda tanyşdyrma we amaly sapak
19:00 – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda konsert

Penşenbe güni, 9-nji iýul

14:00 – Türkmenabat şäheriniň Türkmenistanyň gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky Medeniýet öýünde tanyşdyrma we amaly sapak
19:00 – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda konsert

Anna güni, 10-nji iýul

19:00 – Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda konsert

Şenbe güni, 11-nji iýul

12:00 – Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet köşgünde tanyşdyrma we amaly sapak
19:00 – Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet köşgünde konsert

Sişenbe güni, 14-nji iýul

19:00 – Aşgabat şäheriniň Türkmenistan kino-konsert merkezinde konsert

Goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat-serişdeler merkezine 47-35-03 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunçaýüz tutup bilersiňiz.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru