Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna 25 orun berilýär

0
2216
34
0

Türkmenistanda ýurduň, şol sanda daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler netijesinde dünýäniň dürli döwletleri we öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýetde ösdürilýär.

“Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Rumyniýanyň Bilim, ylym, ýaşlar we sport ministrliginiň arasynda 2012—2017-nji ýyllar üçin maksatnamanyň” çäklerinde 2015—2016-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryna 25 orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, berlen şol orunlary ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň gerekli hünärmenlere bolan isleglerini göz öňünde tutulyp doldurmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Rumyniýada okamaga isleg bildirýän ýaşlardan resminamalary kabul etmek 23-nji iýun — 2-nji iýul aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiriler. 6—8-nji aprel aralygynda boljak giriş synaglary orta mekdebiň okuw meýilnamasy boýunça test görnüşinde, şeýle hem “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça gürrüňdeşlik esasynda geçiriler. Okuwlar nebitgaz senagaty, gurluşyk we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, maliýe-ykdysady ugur, obasenagat toplumy we beýleki pudaklar üçin gerekli birnäçe hünärler boýunça amala aşyrylar.      

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru