Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň arasynda duşuşyk bolar

09:0113.06.2015
0
2223

Şu gün – 13-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Munuň arasynda duşuşyk bolar.

Bu iri we abraýly halkara guramasynyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza indi ikinji gezek gelýändigi bellärliklidir. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda 2010-njy ýylyň aprelinde geçirilen geçen saparky duşuşyk däp bolan hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerini açyp, Türkmenistanyň hem-de BMG-niň möhüm ugurlarda, şol sanda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, demokratik edaralary ösdürmekde, gender syýasatynda, daşky gurşawy goramakda we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga çalyşýandygyny we oňa taýýardygyny tassyklady.

BMG-niň Baş sekretarynyň şu sapary dünýä bileleşiginiň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistana, ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinde artýan ornuna, oňyn daşary syýasat ugruna aýratyn gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Milletiň Lideriniň daşary syýasat ugry bolsa ähli ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşini, dünýäniň halklarynyň bagtyýar durmuşyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilendir.

BMG-niň   Baş sekretarynyň şu sapary Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga bermäge ýardam etmelidir, Müňýyllygyň Maksatlaryna ýetmekde ýene-de bir möhüm ädim boljak täze bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň birnäçesini ara alyp maslahatlaşmaga we soňy bilen durmuşa geçirmäge  kuwwatly itergi bermelidir. Saparyň maksatnamasynyň esasy we iň ähmiýetli bölegi bolsa BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygy bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň