Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň Lideriniň kabulhanasynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň duşuşygy geçirildi

06:5513.06.2015
0
3931

12-nji iýun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Baku-2015” I Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Azerbaýjanyň Lideriniň “Gençlik” kabulhanasynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ilham Aliýewiň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk iki goňşy ýurduň gatnaşyklarynyň strategiki häsiýete eýedigini we olaryň Liderleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän uly sport baýramçylygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin öz türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanda türkmen Lideriniň saparyna uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Munuň özi soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan, barha berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir aýdyň beýany bolup hyzmat edýär.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Baştutanyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň, şeýle hem meýletinçileriň mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan edip, dostlukly halky şunuň ýaly möhüm we wekilçilikli sport forumyny geçirmek hormatyna mynasyp bolandygy bilen gutlady we azerbaýjan türgenlerine bu halkara derejesindäki ýaryşlarda uly üstünlikler arzuw etdi.

Özara ynam we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň liderleri ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, iri halkara guramalarynyň we sebitleýin düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän oňyn gepleşikleriň gyzyklanma bildirýän meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halkara durmuşynyň möhüm ugurlary boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy, häzirki döwriň ählumumy meseleleriniň oňyn çözgüdini tapmakda olaryň işjeň orun eýeleýändigi bellenildi. 

Soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetirilendigini kanagatlanmak bilen belläp, taraplar iki ýurduň däp bolan hyzmatdaşlygy döwrüň talabyna hem-de iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyklykda okgunly ösdürmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Eýýäm amala aşyrylan işler, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň döredilmegi, yzygiderli esasda geçirilýän daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler hem-de işewürlik duşuşyklary munuň aýdyň mysallarydyr, olar haryt dolanyşygyny artdyrmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga we sporty hem goşmak bilen ähli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönüden-göni ýardam berýär.

Söhbetdeşler goňşy döwletleriň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, soňky ýyllarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygyň eýýäm ýakyn wagtlarda  täze iri möçberli milli we sebit ähmiýetli taslamalaryň hasabyna has-da işjeň häsiýete eýe boljakdygyna özara ynam bildirdiler. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda, hususan-da, Hazar sebitinden Ýewropa tebigy gazy ibermegi amala aşyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan iki ýurduň geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, häzirki zaman üstaşyr-ulag düzümini döretmegiň mümkinçilikleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm ugurlary hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen Lideriniň energetika we ulag ulgamy ýaly strategiki ugurlarda ählumumy hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna hem-de oňyn syýasaty geçirýändigine ýokary baha berip, Prezident Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Türkmenistanyň bilen ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy, şeýle hem Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany goldan ilkinji döwletleriň biri bolandygyny kanagatlanmak bilen belläp, dostlukly ýurduň Baştutanyny Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Ilham Aliýew çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, öz nobatynda türkmen Liderini ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasyny kabul edendigi bilen gutlady, bu biziň ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge goşýan ägirt uly goşandynyň hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň ykrarnamasydyr.

Medeni-gumanitar ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Azerbaýjanda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň meşhur akyldary, döredijiligi bütin dünýäde belent hormata eýe bolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň geçen ýyl bellenilen 290 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanda hem, Azerbaýjanda hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylmagynyň aýratyn meselesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini hasaba almak bilen, iri halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini beýan etdi. 

Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklaryna bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan edip, goňşy ýurtlaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň