Ýokary makroykdysady görkezijiler gazanyldy

0
606
7
0

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—1016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýokary makroykdysady görkezijiler gazanyldy.

Jemi içerki önümiň ösüş depgini milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýar. Jemi öndürilen önümiň ösüş depgininiň umumy görkezijisi 109,1 göterime barabar boldy. Şu ýylyň bäş aýynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberleri 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn ösüş äşgär duýulýar.

Senagat we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygy güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Düýpli maýa goýumlaryň möçberleriniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 39,2 göterim möçberde emele geldi. Habar berlişi ýaly, şu ýylyň bäş aýynyň jemi boýunça "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini  özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasyna" laýyklykda, ýurdumyzda jemi 145 durmuş-medeni maksatly binalaryň, 947 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Mundan başga-da, hasabat döwründe uzynlygy 1970 kilometr  suw geçirijiler, 977 kilometr ulag ýollary, 382 kilometr gaz geçirijiler, 1513 kilometr elektrik geçirijiler, 645 kilometr   telefon ulgamy çekildi, şeýle hem beýleki inženerçilik-tehniki desgalar guruldy. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru