Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda göni teswirleýiş žurnalistikasynyň halkara tejribesi öwrenilýär

09:0703.06.2015
0
3438

Aşgabat şäheriniň “Grand-Türkmen” myhmanhanasynda neşir edilýän we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we şeýle hünärden bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri göni teswirleýiş (Onlaýn) žurnalistikasynyň halkara tejribesini öwrenýärler.

Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝHHG-niň bilelikdäki “Žurnalistleriň hünär endiklerini kämilleşdirmäge ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw-maslahatynyň barşynda halkara bilermenleri P. Georgiýew (Bolgariýa) we O. Homenok (Ukraina) oňa gatnaşyjylary internet-köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň guralyşy bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem suratlary işlemek we habarlaryň beýan edilişini gözden geçirmek, täzelikleri surat bilen bezemek, şu maksat bilen multimediýany ulanmak ýaly meselelere garap geçmek bellenilýär.

Bu okuw-maslahat sanly tehnologiýalaryň ösüşiniň dünýä tejribesini hasaba almak bilen, Türkmenistanda göni teswirlemek mümkinçiliklerini netijeli ösdürmäge we dolandyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň