Türkmenistanyň teleýaýlymlary täze hemradan alnyp görkeziler

0
811
95
0

Älem giňişligindäki 52oE iş ýagdaýynda ýerleşýän täze “TürkmenÄlem 52E/MonakoSat” hemrasynyň üsti bilen HD hilli milli türkmen teleýaýlymlarynyň gepleşikleri görkezilip başlandy. Iki transponderde şu ýedi ýaýlym: “Türkmenistan”, “Aşgabat”, “Miras”, “Altyn asyr”, “Ýaşlyk”, “Owaz” we “Türkmenistan Sport” goýberildi.

Ýokarda atlary agzalan ýaýlymlaryň ählisi rekodlaşdyrylandyr. Şeýle hem, olaryň erkin ýagdaýda “Watan Radio”, “Miras Radio”, “Owaz” we “Çar tarapdan” radiostansiýalary ýerleşendir.

Ulgamlaýyn transponderler 12264 MGs we 12304MGs ýygylykda işleýär. Olaryň degişlilikde öz polýary hem bar. V. SR26620, FEC 3/4 we V, SR26620, FEC 3/4 polýarydyr.

Bu hemranyň heniz tölegli ulanyşa geçmändigi we synag möhletindedigi sebäpli, goýberilýän teleýaýlymlaryň görkezilen parametrlerinde hem ýygymynda üýtgeşmeler bolup biler.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru