Senenamamyzda baýramçylyk günlerine baý bolan aý gelýär

0
608
0
0

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Dokma senagatynyň işgärleriniň güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görülýär.

Paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda sergiler hem-de maslahatlar, konsert meýdançalarynda, medeni merkezlerde hem-de paýtagtymyzdaky täze binalaryň öňündäki meýdançalarda konsertler we beýleki baýramçylyk çäreleri guralar. 

Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilip geçiler. Bu senä gabatlanylan medeni çäreler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Gökderedäki we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş merkezlerinde  geçiriler.

Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly dokma önümleriniň halkara sergisi we Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergi hem-de Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçiriler.

Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň    ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we baýramçylyk konserti bolar.

Şeýle-de Mary şäherinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýurtlaryň syýahatçylyk pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Syýahatçylyk — parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahat bolar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäreleri Lebap welaýatynda geçiriler. Onuň çäklerinde Türkmenabat şäheriniň medeni merkezlerinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertleri, “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat, şygryýet agşamy, sahna oýunlary guralar, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi ulanmaga berler. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru