Antaliýa we Sabiha Gökçene howa gatnawlaryny ýola goýmak göz öňünde tutulýar

0
883
9
0

Türkmen syýahatçylarynyň Türkiýede bolup görmäge artýan islegleri bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollary” Türkiýe Respublikasyndaky wekili “Obi Turizm” firmasynyň direktory Wolkan Berk Özen turizmgazetesi.com. internet saýtda habar ýerleşdirdi.

Onda “Türkmenhowaýollarynyň” wekilhanasynyň 2015-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Ankara howa gatnawlaryny ýola goýandygyny, indi bolsa Aşgabat — Antaliýa we Aşgabat — Sabiha Gökçen howa gatnawlarynyň taslamasyny tamamlap barýandygy aýdylýar.

Habarda bellenilmegine görä, bu gatnawlaryň iýunyň ahyryndan amala aşyrylyp başlanmagy mümkin. Wolkan Berk Özen oktýabr aýyna çenli hepdede üç, oktýabrdan soň bolsa hepdede iki gatnawy ýola goýmagyň göz öňünde tutulýandygyny nygtaýar. Gatnawlaryň sanynyň raýatlaryň isleglerine görä üýtgäp durmagy-da mümkindir.       

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru