Türkmenistanyň taryhy eýýamdaky depginli ösüşleriniň aýdyň beýany bolan “Ýyldyz” binasy açyldy

0
477
0
0

25-nji maýda Bagtyýarlyk we Oguzhan köçeleriniň çatrygynda bina edilen “Ýyldyz” binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Özboluşly binanyň ýanynda guralan dabara hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, mekdepleriň okuwçylarydyr uçurymlary, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

“Ýyldyz” binasy özboluşly binagärlik çözgüdi we gurluş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň umumy beýikligi 36 metre barabar bolup, ýarymaý şekilindäki bäş sany sütünden ybaratdyr. Binanyň esasy bezegi Oguzhanyň sekizburçly ýyldyzy bolup durýar. Sütünler özara baglanyşyp, bir bitewi gurnamany emele getirýär.

Bu binanyň ýene bir aýratynlygy, oňa kesesinden syn edeniňde, bina ýarymaý şekili alamatlandyrýar, ýokarsyndan bolsa ýyldyz şekilindedir. Täze binanyň tutuşlygyna alnanda, asmana tarap barýan emele hemrany ýatladýandygyny aýratyn bellemeli.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru