Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleri üstünlikli tamamlandy

07:5025.05.2015
0
2319

24-nji maýda Gyrgyz Respublikasynyň A.Maldybaýew adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy.

Üç günüň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary gyrgyz halkyny özboluşly türkmen saz sungaty, häzirki zaman aýdymlary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, milli şaý-sepler, haly önümleri, ussat we ýaş suratkeşleriň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrdylar.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti şu gezekki iri möçberli çäräniň özboluşly ajaýyp jemlemesi boldy. Resmi adamlar we hormatly myhmanlar, doganlyk gyrgyz halkynyň medeniýet işgärleri we sungat ussatlary konserte tomaşa etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň