Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

22:5424.05.2015
0
1346

22-nji maýda gyrgyz paýtagtynyň T.Satylganow adyndaky Milli filarmoniýanyň uly zalynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Bu medeni çäräni geçirmek üçin dostlukly ýurda düzüminde meşhur aýdymçylardan we sazandalardan, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň döredijilik toparlaryndan ybarat medeniýet we sungat işgärleri bolan Türkmenistanyň uly wekiliýeti bardy. Bu çäre häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy işewür we döredijilik duşuşyklaryna, konsertlere, sergilere, kinofilmleriň görkezilişine, tanyşlyklara we elbetde, sebitde iki goňşy halkyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny has ýakyn kabul etmäge ýardam edýän özara söhbetdeşliklere baýdyr.

Medeniýet gününiň açylyş dabarasyna Gyrgyzystanyň hökümetiniň, diplomatik korpusyň, giň jemgyýetçiligiň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, bu ýurtda hemişelik ýaşaýan watandaşlarymyz gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistany we Gyrgyzystany diňe bir geografiki ýakynlygyň däl-de, taryhy we medeni umumylygyň baglanyşdyrýandygy barada aýdyp, gumanitar ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, goňşy ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Türkmen estrada ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen “Türkmenistana geliň!” diýen joşgunly aýdym-sazly çykyş dostluk baýramçylygyna aýratyn ruhubelentlik çaýdy. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinden bolan ýaş wokalçylar hem-de bagşy-sazandalar mähriban topragymyza, onuň gözelligine söýgüden doly aýdymlary we sazlary joşgunly ýerine ýetirdiler.

“Näzli” tans toparynyň çykyşy has-da täsirli boldy. Olaryň görkezen çykyşlarynyň biri “Parahatçylyk mukamy” diýlip atlandyryldy. Ýerine ýetirijiler tansyň dilinde parahatçylyk, dostluk we ynam deňsiz-taýsyz gymmatlyk bolup durýan döwürdeşlerimiziň keşbini janlandyrdylar.   “Laçyn” toparynyň çykyşy milli öwüşgin bilen tapawutlandy. Millilik bu toparyň her bir çykyşynyň esasynda durýar. Şol çykyşlar  türkmen halkynyň tans sungatynyň halk döredijilik öwüşginlerine baýdyr.

Baýramçylyk konserti dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň şowhunly el çarpyşmagynda “Bitarap Türkmenistan” diýen joşgunly aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

Ertir Gyrgyzystanyň paýtagtynyň sungat meýdançalarynda dostlukly ýurtda   Medeniýet günleriniň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem-de Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty döwlet muzeýinde saklanýan gymmatlyklardan düzülen türkmen halkynyň milli amaly-haşam we häzirki zaman sungatynyň hem-de nakgaşlyk eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar. Bişkegiň Kinolar öýünde gyrgyz tomaşaçylary türkmen kinematografiýasynyň iň oňat filmleri bilen tanyşarlar. Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň Tokmak şäherine sapary meýilleşdirildi. Şol ýerde türkmen artistleri dürli konsert maksatnamasy bilen çykyş ederler.

Medeniýet günleri 24-nji maýa çenli dowam eder. Şol  günleriň dowamynda türkmen wekiliýeti dostlukly gyrgyz halkyny milli däp-dessurlar, häzirki zaman sungaty hem-de açyklyk we ýürekdeşlik mahsus bolan halkymyzyň ruhy mirasy bilen tanyşdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň