Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti birinji synp okuwçylaryna kompýuterleri — noutbuklary satyn almak hakyndaky Karara gol çekdi

06:0811.05.2015
0
4973

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2015-2016-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin kompýuterleri satyn almak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek meseleleri Türkmenistanyň döwlet syýasaty üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Soňky ýyllarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň körpe raýatlary baradaky  yzygiderli aladasy netijesinde mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalara şahsy kompýuterleri sowgat bermek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň döwrebap bilim almagy, kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmagy, gözýetimlerini giňeltmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen degişli çäreler görülýär.

Okuwda  täze kompýuterleriň we multimediýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilim bermegiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, çagalaryň okuwa bolan höwesiniň artdyrmagyna ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň